Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada pensioneriň öz janyna kast etmegi gahar-gazaby artdyrdy


Gresiýada pensiýa ýaşyndaky bir ýaşulynyň agyr ykdysady kynçylyklar sebäpli öz janyna kast edip ölmegi, penşenbe güni Afiny şäherinde protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň güýçli çaknyşyklaryna getirdi.

Bu çaknyşykda polisiýa güýçleri parlamentiň binasynyň daşynda daş we içi ýangyçly çüýşeleri zyňyp, bulagaýçylyk döreden 1 müň 500 töweregi protestçini dargytmak üçin dubinkalary we göz ýaşardyjy gazlary ulandy.

Bu protestleriň has gazaply häsiýete eýe bolmagyna hepdäniň çarşenbe güni Afiny şäherinde pensiýa çykan ozalky bir dermanhana işgäriniň öz kellesine ok atyp, janyna kast etmegi sebäp boldy.

Gresiýanyň polisiýasy Afiny şäheriniň Sintagma meýdançasynda öz janyna kast eden 77 ýaşly bu ýaşulynyň ýanyndan onuň elde ýazan hatynyň-da tapylandygyny aýdýar. Ýöne polisiýa häzirlikçe bu adamyň anyk kimdigini eşgär etmekden saklanýar.
XS
SM
MD
LG