Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bükride keselhana ýok: şahadatnama üçin lukman, lukman üçin şahadatnamaly gerek


Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow oba ýerlerindäki keselhanalaryň, saglyk öýleriniň köpüsini ýapdyrdy.
Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow oba ýerlerindäki keselhanalaryň, saglyk öýleriniň köpüsini ýapdyrdy.
Bükri Garagumda ýerleşýän obalardan biri. Bu obanyň ýaşaýjylarynda nägilelik döredýän zat edil häzirki wagtda tutuş ýurtda bellenýän “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi” bilen bagly şagalaňlaryň ýoklugy däl-de, eýsem saglyk ojagy bolan keselhananyň bu obada bolmazlygydyr.

Aşgabatdan 235 kilometer, Daşoguzdan bolsa takmynan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän, gum içindäki bu obada diňe keselhana däl, hatda ýekeje doktoram ýok. Saglyk meselesinde olaryň gapysyny kakyp biläýjek ýeri, uçilişäni tamamlan bir şepagat işgäri. Uly şäherlerden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän, 200 töweregi hojalygy bolan Bükri obasyna Tiz kömek maşyny hem ýok.

Sowet Soýuzy dargansoň, ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow oba ýerlerindäki keselhanalaryň, saglyk öýleriniň köpüsini ýapdyrdy (aşakdaky audio). Bu ýagdaý beýleki etrapdyr obalar bilen bir hatarda Garagumda ýerleşýän Bükri ýaly obalaryň ýaşaýjylaryna-da ýaramaz täsirini ýetiripdi.

2005-nji ýylyň fewral aýy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00
Ýükle

Bükrili bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, “olar obada saglyk ojagy bolmansoň, Kükürt zawodynyň gapdalyndaky saglyk merkezine barmaly bolýarlar. Emma ol merkez hem çäkli serişdesi bilen töwerekde ýerleşýän üç oba hyzmat bermekden ejiz”.

“Kükürt zawody diýip atlandyrylýan ýerde wagtlaýyn jaýda saglyk merkezi bar. Merkez bir lukman bilen ýekeje şepagat işgärinden ybarat. Lukmanyň öýi uzakda bolansoň, ony her gün saglyk merkezinden tapyp bolanok” diýip, Bükriniň bir ýaşaýjysy aýtdy.

Kükürt zawodyndaky saglyk ojagyna degişli Bükri, Gyzyltakyr we Diňli obalary agzalýan ýeriň 5-10 kilometr uzaklygynda ýerleşýärler. Bu obalaryň jemi ýaşaýjylary bolsa takmynan 350-400 hojalykdan ybarat.

Bükrilileriň aýtmagyna görä, Kükürt zawodynyň saglyk ojagy köplenç talaby ödäp bilmeýär, şunlukda agyr kesellän ýaşaýjylar Aşgabada gaýtmaly bolýarlar. Emma Aşgabadyň hem özüne mahsus kynçylyklary bar diýip, özüni Ýakup diýip tanadan Bükriniň ýaşaýjysy aýdýar.

“Kimiň Aşgabatda garyndaşy bolsa, paýtagta gidip, şol ýerde bejergi alýar. Ýagdaýy bolmadyk adamda hiç hili çykalga ýok, şunlukda obada saglygyny bejertmek üçin, tebibe ýüz tutýanlaram az däl” diýip, Ýakup aýdýar.

Hasaba alynmadyk çagalar

Bükrilileriň aýtmagyna görä, saglyk serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen döreýän problemalar diňe adamlaryň saglyk meselesi bilen çäklenmeýär. Bäbekhana bolmansoň, öýde dogulýan çagalaryň dokumenti bilen bagly dürli kynçylyklar hem bar. Bükriniň ýaşaýjysy 48 ýaşly Bossan şeýle kynçylyklary başdan geçirenlerden biri.

“Öýde dogrulan çaga bellige alynmaýar. Kükürt zawodyndaky saglyk merkeziniň şepagat işgäriniň ýanyna baryp, çaganyň doglandygy baradaky şahadatnamany bermegini haýyş etseň, baş lukman ýok diýip, başdan sowma jogap berilýär” diýip, Bossan daýza aýdýar. “Baş lukmanyň özi ýerbentli. Kükürt zawody bilen Ýerbendiň arasy 100 kilometr çemesi. Baş lukmana duşaýan mahalyňda hem ol dürli bahana tapyp, çaganyň doglandygy baradaky şahadatnamany dessine bermeýär”.

Bossan daýzanyň öňe sürýän bu kynçylyklary barada Kükürt zawodynyň keselhanasyndan jogap alyp bolmady.

Obalylaryň aýtmagyna görä, çagalaryň dogluş şahadatnamasynyň bolmazlygy hem keselhanalyk iş ýüze çykanda köp kynçylyklary döredýär.

“Eger çaga agyr syrkawlasa, ony köplenç Aşgabatdaky 11-nji mikroraýonda ýerleşýän çagalar keselhanasyna äkitmeli bolýar” diýip, Bossan daýza aýdýar. “Ol ýerde bolsa çaganyň dogluş hakyndaky resminamasyny soraýarlar. Olar ýaly resminama bolmansoň, tanyş görüp çaga bejergi almaly bolýar”.

Bükrileriň aýtmagyna görä, çagasynda dogluş resminamasy bolmadyk enelere çaga seretmek üçin döwlet tarapyndan berilýän kömek pullaryny almak hem kyn düşýär.

“Döwlet kömegi bilen bagly men Ruhabat etrabynyň häkimligine ýüz tutdum, sebäbi biziň obamyz şol häkimlige degişli” diýip, Bossan dayza şeýle gürrüň berdi: “Häkimlik meni etrabyň sosial üpjünçilik edarasyna iberdi. Etrabyň sosial üpjünçilik edarasy bolsa Kükürt zawodyndaky keselhana baryp, çagamyň doglandygy baradaky şahadatnamany getirmegimi maslahat berdi. Kükürt zawodyndaky keselhanada bolsa öňki ýaly ýagdaý gaýtalandy, ýagny lukman ýok, şahadatnama-da ýok”.

Bükrilileriň aýtmagyna görä, Garagumda ýerleşýän bu obada keselçilik adaty ýagdaý. Obada arassa agyz suwy, gaz we tok hem bolmansoň, tomsuň yssysynda, gyşyň aýazynda keselçilik hasam artýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda “Saglyk we bagtýyarlyk hepdeligi” bilen bagly uly şäherlerde geçirilýän şagalaňlar Garagumuň içine entek-entekler ýetmejege meňzeýär. Ol obalarda elektrik togy bolmansoň, şol dabaralara telewideniýe arkaly tomaşa etmek mümkinçiligi hem häzirlikçe çäkli bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG