Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan Ýewropa Parlamentiniň deputatyna wiza bermekden ýüz öwürdi


Gazagystan Žanaözen wakalary bilen dahylly tussag edilen adamlaryň sud diňlenişigine gatnaşmakçy bolan Ýewroparlamentiň deputaty Pol Murfä wiza bermekden ýüz öwürdi.

Penşenbe güni irlandiýaly deputat Pol Murfi Gazagystanyň häkimiýetleriniň özüne wiza bermekden ýüz öwürmeklerini syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyrdy.

Pol Murfi Žanaözendäki bulagaýçylyklarda aýyplanyp tussag edilen 43 sany nebitçiniň işi bilen bagly Aktau şäherinde geçiriljek sud diňlenişigine gatnmaşmaklygy planlaşdyran eken.
XS
SM
MD
LG