Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedow Owganystanyň ministri bilen gepleşik geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Owganystanyň magdan resurslary boýunça ministri Wahidulla Şahrani bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu gepleşikde taraplaryň, esasan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýektini durmuşa geçirmekligiň praktiki taraplary barada maslahat edendiklerini habar berýär.

Mundan daşary, bu duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wahidulla Şahraniniň iki ýurduň käbir beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada-da pikir alşandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG