Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara Sudy Seýf al-Islamyň bu suda tabşyrylmagyna çagyryş edýär


Çarşenbe güni Halkara Jenaýat Sudy Liwiýanyň häkimiýetlerini bu ýurtda tussaglykda saklanýan Seýf al-Islamy Halkara Suduna tabşyrmaklyga çagyrdy.

Liwiýanyň ozalky diktator lideri Muammar Kaddafiniň ogly Seýf al-Islam geçen ýylyň noýabrynda ýurduň günorta serhet ýakasynda ele salnypdy we şondan bäri Liwiýanyň türmesinde saklanýar.

Liwiýanyň Adalat ministrliginiň metbugat sekretary Nasser al-Manii Seýf al-Islama garşy aýyplamalar boýunça sud diňlenişiginiň Liwiýanyň özünde geçiriljekdigini we sud diňlenişiginiň ýakyn wagtlarda başlanjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG