Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy katolik ruhanylarynyň ýazan hatyny tankytlady


Penşenbe güni katolik hristianlaryň ruhy lideri, Rim papasy Benedikt katolik ruhanylarynyň bir toparynyň ýazan haýyşyny tankytlap çykyş etdi.

Katolik ruhanylarynyň ýazan bu hatynda katolik keliselerinde dini ruhanylaryň öýlenmekden we jynsy gatnaşykdan saklanmalydyklary baradaky düzgüni ýatyrmaklyga hem-de aýal maşgalalaryň ruhanylyk pozisiýasyny eýelemeklerine rugsat berilmegine çagyryş edilýär.

Rim papasy Benedikt penşenbe güni Watikanyň kelisesindäki dini dabarada eden çykyşynda bu hatyň awtorlaryny “öz isleglerine we ideýalaryna laýyklykda Kelisäni özgertmek” isleglerinde aýyplady.
XS
SM
MD
LG