Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada ukrain raýatlaryna garşy sud diňlenişigi başlandy


Penşenbe güni Liwiýada Muammar Kaddafiniň güýçlerine goldaw berenlikde aýyplanýan 20 sany ukrain raýatynyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Liwiýanyň sudy Ukrainanyň bu raýatlaryna geçen ýyl Kaddafiniň güýçleri bilen oppozision söweşijileriň arasynda bolan söweşlerde Kaddafiniň güýçleriniň harby tehnikalaryny remont etmek işlerine ýardam berenlikde aýyplama bildirýär.

Aýyplanýanlar şol döwürde özleriniň Liwiýanyň nebit pudagynda işlemäge barandyklaryny aýdyp, özlerine bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny ret edýärler. Olaryň Liwiýada geçýän sud prosesine ukrainaly diplomatlaryň-da gatnaşmagyna rugsat berildi.
XS
SM
MD
LG