Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saraýewoda söweş mirasy


Irina Saraýewonyň 44 aýlyk gabawynda öldürilen ýüzlerçe çaganyň biri. Ol şol wagt bir ýaşyndady.
Irina Saraýewonyň 44 aýlyk gabawynda öldürilen ýüzlerçe çaganyň biri. Ol şol wagt bir ýaşyndady.
Saraýewonyň ýaşaýjysy, 43 ýaşly Stana Çişiç şeýle bir göwnaçyk görünýär welin, oňa mergeniň okundan çagasyny ýitiren ene diýmersiň.

Stananyň ýanýoldaşy Samiriň aýtmagyna görä, ol elmydama şu durkunda bolupdyr. Onuň aýaly, maşgalanyň diregi Stanany gaty seýrek ruhy çökgün halda görmek bolýar.

Stana öz hasratyny daşyna çykarman, içinden gam çekýän adamlardan. Häzir hem 1993-nji ýylyň oktýabrynda Irina atly gyzynyň öldürlendigini ýatlap duran pursaty, onuň içinden aglaýandygyny duýmak bolýar.

“Onuň doglan gününden dört gün soň, biz gezelenje çykypdyk. Bu ajaýyp bir gündi. Daşarda ok atyşyk ýok wagty, biz seýdip, daşa çykardyk. Ýöne şol gün biziň gyzymyz bir mergeniň okuna duçar boldy” diýip, Stana ýatlaýar. “Biz ony gyssagly keselhana eltdik. Oňa operasiýa edildi. Köp doktor onuň janyny halas etmek üçin göreşdi. Emma onuň bedenjigi şeýle bir kiçi we ejizdi. Ol Samiriň ellerinde jan berdi”.

Bosniýa serbleri şäheri gabawa alyp, ýerli ilatyň üstünden minomýot we mergen oklaryny ýagdyrypdylar, 1992-nji ýyl.
Bosniýa serbleri şäheri gabawa alyp, ýerli ilatyň üstünden minomýot we mergen oklaryny ýagdyrypdylar, 1992-nji ýyl.
Irina Saraýewonyň 44 aýlyk gabawynda öldürilen ýüzlerçe çaganyň biri. Şol wagt Bosniýa serbleri aglaba köplügi musulmanlardan ybarat bolan Bosniýa-Gersogowinanyň federal Ýugoslawiýadan bölünmek kararyna gazaply jogap beripdi. Bosniýa serbleri şäheri gabawa alyp, ýerli ilatyň üstünden minomýot we mergen oklaryny ýagdyrypdylar.

Saraýewonyň daşyny gurşan otly halka Ýewropanyň täze taryhyndaky iň uzak wagtlap dowam eden gabaw boldy. Bu Ikinji jahan urşy döwründe Leningradyň gabawyndan hem bir ýyl töweregi uzak dowam etdi.

​Häzir şäher gabawyň başlanmagynyň 20-nji ýyl dönümini bellemäge taýýarlanýar. Teatr direktory Haris Pahşowiçiň aýtmagyna görä, bu saraýewolylar üçin öz ýitiren ýakyn-daşlarynyň matamyny tutmak üçin bir pursat.

Teatr direktory Haris Pahşowiç
Teatr direktory Haris Pahşowiç
Bu sene mynasybetli Pahşowiç 6-njy aprelde ýörite çäreleri gurnaýar. Onuň dowamynda şäherdäki Baky Ot heýkeliniň golaýynda 11,541 sany gyzyl oturgyjyň ýerleşdirilen meýdançasynda goşgy okamak çäresi hem göz öňünde tutulan. Pahşowiç gyzyl oturgyçlaryň sany gabaw wagty ýitdi diýlip resmi taýdan yglan edilen adamlaryň sanyny aňladýandygyny aýtdy.

“Biz şäheriň içinde bir şäheri ýitirdik. Eger-de şol adamlar öldürilmedik bolsa, onda olar bu şäheriň durmuşynyň özgermegine uly goşant goşardylar” diýip, Pahşowiç aýdýar. “Olardan gowy inženerler, arhitektorlar, ýazyjylar çykyp bilerdi. Bu bir gyrgynçylyk boldy. Olar öz şäherini söýenleri üçin öldürildiler”.

Şäherde köp binalarda oklaryň yzlary saklanyp galypdyr. Gabaw döwri weýran edilen Milli kitaphananyň binasy entegem dolulygyna dikeldilenok.

Stana we Samir entegem öz çagasy Irinanyň janyny alan oky saklaýarlar. Haçan-da olaryň beýleki gyzy öz doganynyň näme sebäpden ölendigini soranda, ene-ata uruş barada ýa-da etniki çydamsyzlyklar, milletiň bölünişigi ýaly meselelere girmezden, düşündiriş berjek bolýarlar.
XS
SM
MD
LG