Sepleriň elýeterliligi

“Üç käse çaýyň” awtory $1 million tölär


Greg Mortenson Nowseridäki mekdep okuwçylarynyň arasynda, Pakistan.

Greg Mortenson Nowseridäki mekdep okuwçylarynyň arasynda, Pakistan.

Maliýe bidüzgünçilikleri boýunça sud seljerişinden soň, “Üç käse çaý” atly kitabyň awtory bolan amerikan ýazyjysy Greg Mortenson öz döreden haýyr-sahawat fonduna 1 million dollar tölemäge razy boldy.

Pakistanda we Owganystanda okuw jaýlaryny gurýan Merkezi Aziýa Institutynyň (CAI) düýbüni tutujylaryň biri bolan Mortenson “maliýe galplyklary” sebäpli öz haýyr-sahawat guramasynyň geňeşinden çykmaga hem razylaşdy.

Sud seljerişligi Birleşen Ştatlaryň günbatar Montana ştatynyň baş prokurory tarapyndan alnyp baryldy. Agzalýan haýyr-sahawat guramasy şu ştatda ýerleşýär. Bu derňewleriň başlamagyna Mortensonyň öňki egindeşleriniň oňa bildiren aýyplamalary sebäp boldy. Olar Mortensonyň kitabynda aýdylýan birnäçe elhenç wakalary awtoryň toslap ýazandygyny we onuň haýyr-sahawat pullaryny öz şahsy bähbitleri üçin ulanandygyny öňe sürdiler.

Mortenson öz kitabynda demirgazyk Pakistanda we demirgazyk-günbatar Owganystanda mekdep gurmakda gazanan tejribeleri we bu ugurda başdan geçirenleri barada gürrüň berip, millionlarça adamy CAI institutyna pul goşandyny goşmaga ruhlandyrypdy. Onuň bu baradaky kitaplary iň köp satylan eserleriň arasyna girdi.

Emma, seljerişiň gelen netijesine görä, ol haýyr-sahawatdan gelen pullar bilen özüniň şahsy girdeýjilerini aýyl-saýyl etmekde gowşaklyga ýol beripdir. Bir derňew işine laýyklykda, haýyr-sahawat fondy Mortensonyň jemgyýetçiligiň öňünde çykyş etmek maksady bilen edýän saparlary üçin gurnalan çarter uçuşlary üçin 2 million dollar sarp edipdir, emma ol şol çykyşlardan gazanylan pullary öz şahsy bähbitleri üçin ulanypdyr.

Geçirilen derňewler başga bir zadyň hem üstüni açdy: gazanylan pullaryň ep-esli bölegi daşary ýurtlarda harç edilipdir, emma olaryň harçlanyşyny görkezýän kwitansiýalar we beýleki resmi kagyzlar ýok. Bu bolsa Mortenson we onuň fondy tarapyndan ýeterlik derejede açyk-aýdyňlygyň ýola goýulmandygyny görkezýär.

Emma, bulara garamazdan, sud seljerişiniň gelen netijesine görä, CAI instituty mekdepleri gurmakda ähmiýetli işleri bitiripdir we “olaryň goýberen ýalňyşlyklarynyň uludygyna garamazdan, CAI halas edeniňe degýän gurama”.

Montananyň baş prokurory Stiw Bullok žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Greg Mortensonyň we CAI guramasynyň eden gumanitar tagallalarynyň täsir galdyryjydygyny, olaryň Pakistanda we Owganystanda bilimi ösdürmek boýunça bilelikde gazanan üstünliklerini hatda iň ýiti tankytçylaryň hem ykrar etmän bilmejegini” aýtdy.

Merkezi Aziýa Instituty dürli obşinalara 180-den gowrak mekdebi gurmaga ýardam berdi, şeýle hem 56 sany mekdebe goldaw berip gelýär. Bu institut zenanlara niýetlenen 30 sany hünärmentçilik mekdebini gurmaga hem gatnaşdy.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň telekompaniýasy CBS Merkezi Aziýa Instituty tarapyndan dolandyrylýandygy aýdylýan birnäçe mekdebiň, aslynda, hiç haçan açylmandygyny aýdypdy. Emma sud seljerişi muny kabul etmedi, bu baradaky ençeme soraglar bolsa jogapsyz galdyryldy.
XS
SM
MD
LG