Sepleriň elýeterliligi

Ýene bir ene daşary ýurda gitdi


Türkmenistanda iş ýerleriniň ýetmezçiligi aýallary barha köp köçe söwdagärligine iterýär diýen garaýyşlar hem bar.

Türkmenistanda iş ýerleriniň ýetmezçiligi aýallary barha köp köçe söwdagärligine iterýär diýen garaýyşlar hem bar.

Golaýda ýene bir türkmen enesi, özüni “Gülnar” diýip tanadan öňki mugallym, iş üçin ýurduny terk edenleriň hataryna goşuldy.

Ol birnäçe daşary ýurt dilini bilýändini, 5 çagasynyň, 3 agtygynyň bardygyny, 30 ýyla golaý ýokary okuw jaýynda sapak berendigini, emma indi idiliräk gazanç, oglunyň okuwy üçin, 50 ýaşdan soň maşgalasyndan aýrylyp, daşary ýurtlaryň birinde enekelik etmek kararyna gelendigini gürrüň berdi.

Elbetde, Gülnar iş üçin Türkmenistany terk eden raýatlaryň ilkinjisi däl. Dogry, resmi Aşgabat iş gözläp, ýurt daşyna gidýän raýatlaryň sanyny çap etmeýär. Şol bir wagtda, 1991-nji ýyldan soň, öňki sowet respublikalarynda ýokary bilim alan tejribeli mugallymlaryň, lukmanlaryň, inženerleriň... müňlerçesiniň daşary ýurtlara işlemäge gideni fakt bolup durýar.

Daşary ýurtlardaky ýagdaý

Türkiýede bir maşgalada işleýän Merjen hem şol iş gözläp gidenleriň biri. Ol öz işinden razydygyny aýdýar: “Şu wagt iş ýagdaýym gowy, kemçilik ýok. Işleýän ýerimiň adamçylyklary, adamlary gül ýaly, hiç hili problemam ýok.”

Emma Merjen, dokument meseleleri sebäpli, daşaryk, köçä ýa köpçülige çykanda problemasynyň bardygyny aýdýar.

Türkmen aýallarynyň käsiniň daşary ýurtlarda bikanun işlerde işlemäge hem mejbur bolýandygy baradaky habarlar türkmen jemgyýetçiliginde dürli pikirleriň döremegine sebäp bolýar.

Aşgabatly 66 ýaşly pensioner Gülnabat Dädäýewa Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde özüniň türkmen aýallarynyň daşary ýurtlara gidip işlemegine garşydygyny aýtdy: “Bizde bolmaýan zat, daşary ýurda gyzlarymyzy goýbermeli däl, gelinlerimizi goýbermeli däl. O taýdan olar gowulyk öwrenenoklar.”

Daşary ýurtlarda işleýän türkmen raýatlarynyň käbiriniň wiza möhletiniň gutarmagy ýa-da başga dokument meseleleri sebäpli uçraýan kynçylyklary baradaky gürrüňler, ikinji tarapdan halkara hukuk guramalarynyň, metbugatyň adam gaçakçylygy, ten söwdasy barada çap edýän maglumatlary türkmen ratýalarynyň adaşary ýurtlara gidýän aýallar baradaky aladalaryny hasam güýçlendirýäne çalym edýär.

Mysal üçin, 2008-nji ýylda Türkiýäniň “Sabah” gazetiniň žurnalisti Sinan Akýüz türkmen aýallary barada ýazan makalasy üçin, “Sabahyň” we ATV-niň eýesi Ahmet Çalygyň emri bilen işden kowlupdy. Akýüziň makalasynda Türkmenistandan Türkiýä çaga seretmäge gelýän aýallaryň bir toparynyň türk erkekleriniň jynsy isleglerini kanagatlandyrmakda ulanylyşy barada gürrüň edilýärdi.

Soňky döwürde daşary ýurtlardaky türkmen aýallarynyň käbiriniň başga aýallary hem ten satmaga iterýändigi barada hem habarlar çykýar. Martyň aýagynda Moskwa polisiýasy türkmen raýatynyň eýeçiligindedigi aýdylýan jelephananayň üstüni açdy. Khaleýej Times Online neşiriniň 16-njy fewralda çap eden bir habarynda bolsa, Dubaýda bir özbek we türkmen aýalynyň başga iki sany aýaly ten satmaga itermekde aýyplanandygy aýdylýar.

Çözgüt kanundamy ýa çäklendirmede?

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylaryna pikirini aýdýan raýatlaryň käbiri aýallaryň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine esas ýok, ýurt içinde işlejege iş ýeterlik diýse, başgalary bu ýagdaýy ýurtdaky korrupsiýanyň, çykalgasyzlygyň netijesi hasaplaýar.

Tanymal türkmen şahyry Aman Annadurdynyň bir rubagysyndan gelip çykýan netijä görä, bu meseläniň çözgüdi aňsat. Ol: “Aýal gitse, açylýandyr etegi, Rysgy joşar ýaly erkek goýberiň” diýip, aýallaryň daşary ýurtlara goýberilmezligini ündeýär.

Emma Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti Muhammet Düýejiniň pikiriçe, işjeň we öz durmuşyny gowulaşdyrjak bolýan adamlar islendik jemgyýetiň baýlygy we ýurt içinde iş, mümkinçilik tapman daşary ýurtlara gidýän adamlaryň hemmesine gyýa göz bilen garamak dogry däl.

“Bir toparlar daşary ýurda gidýärler, şolar öz durmuşyny üýtgetjek bolup ýören aktiw adamlar” diýip, Düýeji aýdýar.

Düýeji şol adamlaryň arasynda başga, bikanun işlere hem baş goşýanlaryň bardygyny, ýöne munuň her bir adamyň öz şahsy gylyk-häsiýetinden, isleginden gelip çykýandygyny, ýa-da şeýle işlere mejbur bolýandygyny aýdýar. Eýran asylly türkmen aktiwistiniň pikirine görä, şeýle işlere baş goşýan adamlar ýurt içinde-de bar we gadaganlyk, çäklendirme bilen ahlaksyzlygyň soňuna çykyp bolýan bolsa, Eýranda bu mesele bireýýäm çözülerdi.

Türkmenistanyň Baş kanuny umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny ykrar edýär we raýatlaryň islän ýerine işlemäge gitmegi we kanun esasynda gazanç etmegi kadaly zat hasaplanýar.

Golaýda daşary ýurtlardaky iş migrantlarynyň arasyna goşulan 50 ýaşly Gülnar özüniň kanuny hukuklaryndan peýdalanyp, häzir ogluny okatmak üçin daşary ýurtda, maşgalasynda aýralykda ýaşamagyň kynçylyklaryna döz gelmegiň we bir gün Türkmenistana abraý bilen dolanmagyň pikirini edýändigini aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG