Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: 'Resmiler ors maşynlaryny münsün'


Putin “Lada Granta” ulagynyň ýanynda, “AwtoWaz” maşyn zawody, Tolýatti, 2011-nji ýylyň maý aýy.
Putin “Lada Granta” ulagynyň ýanynda, “AwtoWaz” maşyn zawody, Tolýatti, 2011-nji ýylyň maý aýy.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýakyn geljekde döwletiň serişdelerine satyn alynjak ähli maşynlaryň bütewi ykdysady giňişlik bolan Orsýetde, Gazagystanda we Belarusda öndürilen maşynlar boljakdygyny yglan etdi. Ol bu barada 4-nji aprelde Tolýatti şäherinde aýtdy. Öňem, Putin şeýle beýanatlary etse-de, orsýetli resmiler “Mercedes”, “BMW”, “AUDI” we “Land Rover” ýaly awtoulaglary halaýandyklaryny görkezdiler.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin 4-nji aprelde Tolýattide täze “Lada Largus” kysymly maşynyň çykyp başlamagy bilen bagly çykyşynda maşyn öndürijilere kömek üçin birnäçe çäreleri yglan etdi. Ol döwletiň puluna satyn alynjak ähli maşynyň Orsýetiň, Gazagystanyň we Belarusyň territoriýasynda öndürilen maşyn boljakdygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, tiz wagtyň içinde Orsýet Federasiýasynyň ähli döwlet organlarynyň, munisipal häkimiýetleriniň zakazçylary we döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalar diňe Orsýetde, Gazagystanda we Belarusda öndürilen maşynlary satyn almaly bolarlar” diýip, Putin aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Putin, bütewi ykdysady giňişlikde öndürilmedik maşynlara zerurlyk bolanda, bu düzgünden çykmagyň mümkindigini hem sözüne goşdy.

“Gazeta.ru” internet neşiriniň ýazmagyna görä, Orsýetde gymmat bahaly daşary ýurt we öňki ýyllarda öndürilen ýerli biznes-klas maşynlar köp. Şonuň üçin-de Putiniň inisiatiwasynyň orsýetli maşyn öndürijilere peýdasynyň az bolmagy ýa-da orsýetli býurokratlaryň gymmat bahaly maşynlara bolan höweslerini gaçyrmazlygy mümkin.

Putin "Lada Kalina" ulagynda, Çita-Habarowsk ýoly, 2010-njy ýyl.
Putin "Lada Kalina" ulagynda, Çita-Habarowsk ýoly, 2010-njy ýyl.
Orsýetiň Ykdysady ösüş ministrligi Putiniň inisiatiwasy barada zerur bolan kanunyň iki aýyň içinde taýýarlanjakdygyny yglan etdi.

Orsýetiň Krasnoýarskiý ülkesiniň Adalat edarasy “Toyota Camry” kysymly maşyn üçin 1,3 million töweregi rubl tölemäge taýýar. Astrahan oblastynyň Çagan obasynyň häkimligi bolsa “Volkswagen Tiguan” kysymly maşyn üçin 1,27 million rubl tapypdyr.
Ýerli bloggerleriň biri onuň bahasynyň obanyň yzygiderli býujetiniň üçden bir bölegine deňdigini we şol pullar obada asla ýok diýen ýaly ýollar üçin sarp edilse, has ýerlikli boljakdygyny ýazýar. Çagan obasynda 1,500 adam ýaşaýar.

Wladimir Putin 2008-nji ýydla Naberežnyýe Çelny şäherindäki “Kamaz” zawodynda çykyş edende, daşary ýurt maşynlaryny satyn almak üçin pul sarp etmegiň döwlet üçin asla kabul ederlikli däldigini aýdypdy. Ol 2011-nji ýylyň maýynda Tolýatti şäherine täze “Lada Granta” kysymly maşyny synag etmäge baranda, ony 5 gezek synanyşsa-da, otlap bilmedi.

Ýurduň içinde kän bir gowy görülmeýän orsýet maşynlarynyň ýol düzgünlerini äsgermezçilik edýän döwlet resmileriniň edýän awariýalaryny azaltmagy mümkin. 2009-njy ýylda Orsýetiň “ORT1” jemgyýetçilik telekanaly şeýle ýol hadysalarynyň bütin ýurtda giň ýaýrandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG