Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saraýewo gabawynyň 20 ýyllygy


Saraýewo şäheriniň merkezi köçesinde jemi 11,541 sany gyzyl reňkli oturgyç hatarlanyp goýuldy. Oturgyçlaryň sany 20 ýyl mundan ozal Saraýewoda başlanan gabawda öldürilen adamlaryň sanyna barabar.
Saraýewo şäheriniň merkezi köçesinde jemi 11,541 sany gyzyl reňkli oturgyç hatarlanyp goýuldy. Oturgyçlaryň sany 20 ýyl mundan ozal Saraýewoda başlanan gabawda öldürilen adamlaryň sanyna barabar.
Bosniýanyň paýtagty Saraýewoda şäheriň 20 ýyl mundan ozal gabalmagy zerarly gurban bolan ýaşaýjylaryň hatyrasyna matam tutulýar.

Saraýewo şäheriniň merkezi köçesinde jemi 11,541 sany gyzyl reňkli oturgyç hatarlanyp goýuldy. Oturgyçlaryň sany 20 ýyl mundan ozal Saraýewoda başlanan gabawda öldürilen adamlaryň sanyna barabar.

Şeýdip, Bosniýanyň paýtagty, ozalky Ýugoslawiýanyň dargamagy bilen başlanan uruşlaryň dowamynda Bosniýadaky serbleriň şäheri gabamagynyň 20-nji ýyl dönümini belleýär.

Saraýewonyň gabalmagy

Bu gabaw 44 aýa çekip, täze taryhda iň dowamly gabaw bolupdy we Bosniýada 100 müňden gowrak adamyň heläk bolmagyna, 2 milliondan gowrak adamyň bolsa öýlerini terk etmegine getiren 1992-1995-nji ýyllardaky uruşlaryň başlangyjy bolupdy.

Şol wakalaryň ýyl dönümini bellemek boýunça Saraýewoda geçirilýän şu ýylky çäreler, 20 ýyl mundan ozalky gyrgynçylygyň pidalaryny köpçülikleýin ýatlamak üçin ilkinji mümkinçilik boldy.

Saraýewoda, 6-njy aprel.
Saraýewoda, 6-njy aprel.
“Guramaçylar şu günki çäräni Saraýewonyň ýaşaýjylarynyň bilelikde gabawyň 10 müňden gowrak pidasynyň ýasyny tutmak üçin 20 ýylyň dowamynda dörän ilkinji mümkinçilik diýip atlandyrýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Saraýewodaky habarçysy Deýzi Sindelar habar berýär. “Bu şäheriň ähli künjekleri urşuň pidalarynyň mazaryna öwrülipdi, adamlar öz öýleriniň golaýynda jan beripdiler. Seýil baglar we futbol stadionlary gonamçylyga öwrülipdi. Bu şäherde, şeýdip bileleşip, gabawda heläk bolan ulularyň hem çagalaryň hatyrasyna matam tutmak üçin şu çaka çenli mümkinçiligiň bolmanlygyny köpler aýdýarlar”.

Ýewropa Bileleşigi Bosniýanyň garaşsyzlygyny ykrar edensoň, bosniýaly serbler Saraýewony gabawa salypdylar. Munuň öň ýanynda geçirilen referendumda musulmanlar we horwatlar Bosniýanyň garaşsyz bolmagyny goldan bolsalar, serbler muňa garşy çykypdylar.

Bosniýaly serbler Serbiýanyň goldawyna daýanyp, ýurduň giňişliginiň 70%-den gowragyny eýeläpdiler we başga milletden bolan ilaty gyrgynçylyga sezewar edipdiler.

1992-nji ýylyň 6-njy aprelinde Saraýewo gabawa salnanda çak bilen 380 müň adam elektrik togy, suw we ýylylyk ýaly şertlerden mahrum edilip, gündelik şäheriň üstüne ýagdyrylýan 300-den agdyk dürli oklardan gizlenmäge mejbur bolupdylar. Gabaw döwründe heläk bolanlaryň, şol sanda çagalaryň köpüsi snaýperleriň oklaryndan ölüpdi.

Bosniýadaky konflikt, 1995-nji ýylda Deýton ylalaşygyna gol çekilmegi bilen, tamamlandy. Emma şondan soň konflikt togtan hem bolsa Bosniýada etniki taýdan bölünişik saklanyp galypdy.

Gurban bolanlaryň hatyrasyna

Saraýewo, 6-njy aprel.
Saraýewo, 6-njy aprel.
Pidalaryň hatyrasyna şu ýyl geçirilýän “Saraýewo – gyzyl liniýa” atly çäräniň guramaçysy, teatr režissýory Haris Pasowiç “şäher birsalym dymyp, gabawda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam tutmaly” diýip hasap edýär.

Haris Pasowiç wepat bolanlaryň şäheriň azatlygy üçin gurban bolanlygyny aýdýar. Olaryň öz şäherini söýup, bu şäheriň ýaşaýjylary bolanlygy üçin, öz öýlerinde, mekdeplerinde we çagalar baglarynda oturanlygy üçin öldürilenligini nygtaýar.

Saraýewonyň gabalmagynyň 20 ýyllygy bilen bagly geçirilýän çäreleriň ýene biri – şäheriň gabalmagyny şekillendirýän “wirtual muzeýiň” döredilmegi.

Wiolonçelist sazanda Wedran Smaýlowiç uruş gutaraly bäri Saraýewoda özüniň ilkinji konsertini geçirdi. Smaýlowiç gabalan Saraýewonyň köçelerinde, bombadan gorag jaýlarynda we heläk bolanlaryň jaýlanyş çärelerinde, minomýot oklarynyň atylmagyna garamazdan, saz çalyp, urşa garşylyk görkezmegiň simwolyna öwrülipdi.
XS
SM
MD
LG