Sepleriň elýeterliligi

Astanada GDA-nyň daşary işler ministrleri maslahat edýärler


Anna güni GDA Bileleşigine girýän ýurtlaryň hem-de Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Gazagystanyň paýtagty Astanada maslahata ýygnanýarlar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowyň hem gatnaşýandygyny habar berýär.

Maglumata görä, Astanadaky bu maslahatda bu ýurtlaryň wekilleri Ýakyn Gündogar regionynyň käbir problemalary, şol sanda, Owganystan, Siriýa we Eýran bilen baglanyşykly syýasy meseleleri-de ara alyp maslahatlaşarlar.
XS
SM
MD
LG