Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Wiktor Buta garşy Amerikan sudunyň çykaran hökümini ýazgarýar


Anna güni Orsýetiň häkimiýetleri ýarag söwdasynda aýyplanýan orsýetli Wiktor Buta penşenbe güni Amerikan sudunyň çykaran hökümini “esassyz we tarapgoý” höküm diýip atlandyryp, muny tankyt etdiler.

Bu baradaky beýanatynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Wiktor Buty öz watanyna gaýtaryp getirmek üçin “ähli mümkin bolan tagallalary” etjekdigini nygtapdyr.

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Federal sudy Wiktor Buty Amerika garşy duşmançylykly syýasat alyp barýan Kolumbiýanyň söweşijilerine ýarag satmak dildüwşüginde aýyplap, ony 25 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Mundan daşary, sud onuň 15 million dollar jerime tölemelidigi barada-da karar çykardy. Wiktor But 2008-njii ýylda Bankokda tussag edilip, 2010-njy ýylda Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilipdi.
XS
SM
MD
LG