Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň sudy ozalky ministri üç ýyl tussaglyga höküm etdi


Penşenbe güni Ukrainanyň sudy ýurduň ozalky tebigaty goraýyş ministri Georgiý Filipçugy üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony ministrlik wezipesinde işlän döwründe Gara Deňziniň düýbüni özleşdirmek meselesi boýunça daşary ýurt kompaniýasy bilen kontrakt baglaşylanda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplama bildirdi.

Georgiý Filipçugyň aklawçysy bu gürrüňi edilýän kontrakt bilen baglanyşykly işlerde onuň diňe ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň görkezmelerine eýerendigini aýdyp, öz müşderisiniň günäsizdigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG