Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýadan gelýän bosgunlaryň köplüginden zeýrenýär


Anna güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Türkiýä mundan beýlägem siriýaly bosgunlaryň gelmegi dowam etse, öz ýurdunyň BMG-niň kömegine zerurlyk duýmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ahmet Dawutogly geçen 24 sagadyň dowamynda 2 müň 500 töweregi siriýaly bosgunyň Türkiýäniň territoriýasyna geçendigini aýdyp, bu wakalary anna güni BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň resmileriniň maglumatyna görä, şu günki güne çenli bu ýurduň territoriýasyna gelen siriýaly bosgunlaryň sany 24 müňe golaý diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG