Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saraýewo garşy gabawyň 20 ýyllygy bellenilip geçilýär


Anna güni Bosniýanyň paýtagty Saraýewoda şol wagtky bosnýaly serb güýçleri tarapyndan bu şähere garşy gabawyň başlanan gününiň 20 ýyllygy bellenip geçilýär.

Anna güni Saraýewonyň merkezi köçesinde 20 ýyl mundan ozalky gabawda öldürilen parahat ýaşaýjylaryň dogry sanyny görkezýän 11 müň 541 sany gyzyl reňkli oturgyç hatarlanyp goýuldy.

Saraýewo garşy gurnalan şol gabaw hem Bosnýada 1992-nji ýyldan 1995-nji ýyl aralygynda ýüze çykan etniki uruşlaryň başyny başlapdy.

Serbler bilen albanlaryň arasynda ýüze çykan bu uruşda 100 müňden gowrak adam ölüp, 2 milliondan gowrak adam öz ýaşaýan ýerini terk etmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG