Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hepdeliginde satyn aldyrylýan hytaý önümi


“Iň bolmanda öz tekstilçilerimiziň önümlerini mejbury satyn aldyrdan bolsalaram bordy” diýip, Oraz aýdýar.
“Iň bolmanda öz tekstilçilerimiziň önümlerini mejbury satyn aldyrdan bolsalaram bordy” diýip, Oraz aýdýar.
Azat Aşgabadyň keselhanalarynyň birinde lukman bolup işleýär. Ol hem, beýleki hökümet edaralarynda bolşy ýaly, “Sagdynlyk we bagtýyarlyk hepdeliginiň” çäginde geçirilýän sport çärelerine gatnaşýan hökümet işgärlerinden biri.

Özüni Azat diýip tanadan 32 ýaşly şepagat işgäriniň aýtmagyna görä, bu hepdelik, keminden özüniň işleýän keselhanasynda, diňe çäreler bilen çäklenmän, olara ýakynda sport egin-eşiklerini satyn almak barada hem dilden buýruk berlipdir.

Azat sport egin-eşiklerini satyn almak mejburlygynyň ýurtda tamamlanyp gelýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” bilen baglydygyny aýdýar.

“Biziň keselhanamyzyň işgärleri hem şol köpçülikleýin çärelere gatnaşýarlar. Ylaýtada, 7-nji aprelde Saglyk ýolunda geçiriljek ýörişe biziň keselhanamyzdan köp adam gatnaşar. Şonuň üçinem hemmeler birmeňzeş sport egin-eşiginde bolmaly” diýip, Azat aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, satyn almaga mejbur edilýän açyk gök reňkdäki sport egin-eşiginiň bahasy 80 manada durýar.

“Bu puluň köp däl ýaly bolup eşidilmegi ahmal. Ýöne 600 manat aýlyk alyp, üç çagaly maşgalanyň ýeke-täk eklenji bolup durkaň, bu pul örän köp bolýar. Emma şol eklençden galmazlyk üçin satyn almaly bolýar” diýip, Azat aýdýar.

Türkmenistanda "Sagdynlyk we bagyýarlyk hepdeligi"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00
Türkmenistanda "Sagdynlyk we bagyýarlyk" hepdeliginiň çäginde ýurduň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri, guramalaryň gullukçylary we okuw jaýlarynyň okuwçylary hem-de studentleri köpçülikleýin maşk edýärler. (Çeşme: Döwlet mediasy)

Azadyň işleýän keselhanasyndaky mejburlyk soňky 3-4 günüň içinde beýleki käbir döwlet edara-kärhanalarynda hem ýüz beripdir. Döwlet edara-kärhanalarynyň birinde işleýän 46 ýaşly Oraz hem ömrüniň soňky 15 ýylynyň içinde ilkinji gezek sport egin-eşigini satyn alandygyny aýdýar.

“Biziň edaramyzda hem başlyk ýygnak edip, hemmäniň sport egin-eşigini satyn almalydygyny aýtdy” diýip, Oraz aýdýar. “Bu egin-eşigi bazardan satyn almadyk. Olary ýörite edaramyza getirdiler. Bu egin-eşigi satyn almakdan ýüz öwreniň öz islegi boýunça işden çykmak barada arzasyny ýazybermelidigini başlyk öňünden duýdurdy” diýip, Oraz gürrüň berýär.

Orazyň işleýän edarasyndaky işgärleriň ýaşyna, jynsyna garamazdan, olaryň ählisi birmeňzeş sport egin-eşigini satyn almaga mejbur edilipdir. Oraz şol sport egin-eşikleriniň mejbury söwdasyndan peýda görýänleriň hem bardygyny çaklaýar.

“Hytaýyň tekstilçileriniň sintetik matadan tikilen önümi bolan bu sport egin-eşikleri üçin biziň edaramyzyň işgärleri 100 manat tölediler. Bazarda şular ýaly sport egin-eşikleriniň bahasy aňry gitse 50-60 manatdyr” diýip, Oraz aýdýar. “Sport hepdeligini tutaryk edinip, ondan peýda görýänler bar. Biziň edaramyzda bu egin-eşikleriň 85 sanysy satyldy. Onsoň, özüňiz hasaplaberiň näçe peýda görülendigini!”.

Satyn almaga mejbur edilýän açyk gök reňkdäki sport egin-eşiginiň bahasy 80 manada durýar.
Satyn almaga mejbur edilýän açyk gök reňkdäki sport egin-eşiginiň bahasy 80 manada durýar.
Oraz resmi metbugatda türkmen tekstilçileriniň tekstil önümlerini öndürmekde uly üstünlük gazananlygy aýdylýan häzirki döwürde, olaryň öndüren önümlerini däl-de, eýsem hytaýlylaryň önümlerini satyn almaga mejbur edilemegine lapynyň keç bolanlygyny hem belleýär.

“Iň bolmanda öz tekstilçilerimiziň önümlerini mejbury satyn aldyrdan bolsalaram bordy” diýip, Oraz aýdýar. “Biziň tekstilçilerimiziň nah matadan tiken şuňa meňzeş önümleri hytaýly tekstilçileriniňkiden has gowy”.

Döwlet edara-kärhanalarynyň käbirlerinde girizilen bu mejburlyk ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we olaryň mugallymlary üçin adaty bir ýagdaý. Olaryň hersinde sport egin-eşigi bar. Efirde adynyň tutulmagyny islemedik ýokary okuw jaýynyň studentiniň aýtmagyna görä, onuň egnindäki sport egin-eşiginiň bahasy 200 manat.

“Ýokary okuw jaýyna okuwa giriläýen mahaly her bir talypdan arkasynda şol okuw jaýynyň ady ýazylan ýörite sport egin-eşigini satyn almak talap edilýär” diýip, talyp aýdýar. “Okuw döwri şonuň ýaly sport egin-eşiginiň 3-4 sanysyny edinmeli bolýar”.

Özüniň finişine ýetip barýan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” Aşgabadyň köçelerini dürli-dürli reňklerdäki sport egin-eşikli adamlardan doldurdy. Olaryň käbirleri öz islegleri bilen şol sport egin-eşiklerini geýýän bolsalar, käbirleri sport eşiklerini mejburlykdan geýýändigini aýdýarlar.

“Sagdynlyk we Bagtýyarlyk hepdeligi” 8-nji aprelde tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG