Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň ilaty “Saglyk ýollaryna” çykdy


Türkmenabatdaky ýöriş "Saglyk
ýolunyň" esasy derwezesinden başlandy we takmynan bir ýarym sagat töweregi dowam edip, ýörite pellehanada tamamlandy. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

Türkmenabatdaky ýöriş "Saglyk ýolunyň" esasy derwezesinden başlandy we takmynan bir ýarym sagat töweregi dowam edip, ýörite pellehanada tamamlandy. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

Türkmenistanda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň çäginde 7-nji aprelde ýurduň ähli welaýat merkezleriniň “Saglyk ýolunda” köpçülikleýin ýörişler geçirildi.

Paýtagt Aşgabatda ýurduň Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginiň gurnamagynda 7-nji aprelde irden edara-kärhanalaryň işgärleri bilen birlikde, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň müňlerçesi uzynlygy 8 kilometrlik saglyk ýolundan ýöräp geçdiler.

Bu çäre Bütindünýä saglyk gününe hem-de Türkmenistanda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň jemleýji gününe bagyşlanylyp geçirildi.

Lebapda-da yza galynmady

Yurduň beýleki welaýat merkezlerinde bolşy ýaly,şenbe güni Lebap welaýatynyň Türkmenabat Yörişe gatnaşanlaryň aglabasy ýörite birmeňzeş sport eşiklerinde boldular. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

Yörişe gatnaşanlaryň aglabasy ýörite birmeňzeş sport eşiklerinde boldular. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

şäheriniň eteginde ýerleşýän “Saglyk ýolunda-da” uly göwrümli ýöriş geçirildi.

Bu ýörişe hökümet edaralarynyň isgärleri, mekdep hem yokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplaryndan ybarat müňlerçe adam gatnaşdy.

Türkmenistanda bellenilyan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hedpeligi bilen baglanyşykly geçirilen bu ýöriş ir sagat 7-de “Saglyk ýolunyň” Amyderýanyň kenaryna golaý ýerleşýän derwezesinden başlandy we takmynan bir ýarym sagat töweregi dowam edip, ýörite pellehanada tamamlandy.

Aşgabatda bolşy ýaly, Türkmenabatdaky bu ýörişe gatnaşanlar hem jemi 8 kilometr ýoly pyýada geçdiler. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda 12-13 ýaşly ýetginjekler bilen bir hatarda, ýaşy 50-den geçenleri-de görmek bolýardy.

Bu çärä gatnaşanlardan käbirleri öz islegleri bilen gelen bolsalar,
käbirleri mekdeplerdir, işleýän edaralarynyň ýolbaşçylarynyň buýrugy esasynda Adamlaryň käbirleri saglyk yörişine toparlaýyn welosiped sürüp gatnaşdylar. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

Adamlaryň käbirleri saglyk yörişine toparlaýyn welosiped sürüp gatnaşdylar. Türkmenabat, 7-nji aprel, 2012.

gelendiklerini gürrüň berdiler.

Yörişe gatnaşanlaryň aglabasy ýörite bir meňzeş sport eşiklerinde bolup, olar uzak ýerlerden öz işleýän edaralary we hökümet tarapyndan üpjün edilen ulaglar bilen getirilipdirler.

Şenbe güni welaýat merkezlerinde gurnalan şol ýörişler bilenem Türkmenistanda 2-nji aprelde yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeligi jemlendi.

Sporty ösdürmek barada maslahat edildi

Bu ýörişiň öňýany, anna güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň we hökümet agzalarynyň gatnaşmaklarynda Aşgabatda Sport we turizm boýunça milli institutyň hem-de olimpiýa rezerwleri Mekdebiniň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Şol ýerde-de prezident G.Berdimuhamedow göçme hökümet maslahatyny geçirip, ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meseleleri barada giňişleýin maslahat etdi.

Hökümet agzalarynyň, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, belli trenerleriň we sportsmenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat sportsmenleri taýýarlamak babatynda geljek 3-5 ýyla niýetlenilen döwlet programmasyny taýýarlamak barada-da görkezme berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG