Sepleriň elýeterliligi

Kaşmirdäki daglyk ýerde 100-den gowrak esger garyň aşagynda galdy


Şenbe güni Pakistanyň Goranmak ministrligi dawaly Kaşmir regionyndaky daglyk ýerde ýüze çykan uly gar süýşgüninde 100-den gowrak esgerin gara gömlendigini habar berdi.

Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary general-maýor Athar Abbas gar süýşgüniniň tutuş bir harby lageri basandygyny we häzirki wagt halas ediş işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly Kaşmir regionynyň uzak daglyk ýerlerinde-de bu iki ýurduň harby lagerleri ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG