Sepleriň elýeterliligi

Amerikada iň köp pul utanlardan biri ahyrsoňy seslendi


Geçen hepde Birleşen Ştatlarda “jackpot” lotereýa oýnunda iň uly pul utuşyny gazanan üç adamdan biri anna güni özüniň kimdigini yglan etdi.

Bu “jackpot” lotereýa oýnunda 656 million dollar puly üç sany lotereýa utupdy. Bu utuş biletleriniň biri Illionois ştatynda, ýene biri Kansas ştatynda we üçünji birem Meriland ştatynda hasaba alnypdyr.

Ýöne utuş gazanan bu üç adam şu günki güne çenli öz utan pullaryny almak üçin lotereýa agentligine ýüz tutmandylar.

Anna güni utuş gazananlardan biriniň, ýagny Kansas ştatynyň ýaşaýjysynyň lotereýa agentligine ýüz tutandygy habar berildi.

Ýöne onuň anyk kimdigi barada häzirlikçe maglumat berilmeýär. Bu utuş gazanan üç adamyň her biriniň paýyna 218 million dollardan gowrak pul utuşy düşýär.
XS
SM
MD
LG