Sepleriň elýeterliligi

Harbylaryň bir topary Ýemeniň paýtagtyndaky aeroporty gabady


Ýemeniň täze saýlanan prezidenti Abed Rabbo Mansur Hadiniň ýurduň harby-howa güýçleriniň komanduýuşisi general Saleh al-Ahmary wezipesinden boşatmagynyň yzy bilen, şenbe güni goşun komanduýuşisiniň tarapdarlary Ýemeniň paýtagtyndaky aeroporty gabadylar.

General Saleh al-Ahmara tarapdar harbylar Sanaa şäheriniň aeroportundan uçjak islendik bir uçaryň atylyp ýere gaçyryljakdygy bilen duýduryş berdiler.

Anna güni täze prezident tarapyndan wezipesinden boşadylan general Saleh al-Ahmar Ýemeniň ozalky awtoritar prezidenti Ali Abdulla Salehiň ýakyn garyndaşy hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG