Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň harby gämileri zamun alnan hytaýlylary halas etdi


Anna güni Hytaýyň we Eýranyň habar agentlikleri eýranly harby gämileriň Hytaýyň ýük gämisiniň 28 sany işgärini deňiz garakçylaryndan halas edendigini habar berdiler.

Maglumata görä, anna güni irden Somaliniň deňiz garakçylary Eýranyň portunyň golaýyndaky Oman aýlagynda Hytaýyň ýük gämisine hüjüm edipdirler.

Şol wakanyň yzy bilen, Hytaýyň Eýrandaky ilçihanasynyň haýyşy boýunça Eýran özüniň iki sany harby gämisini şol wakanyň bolan ýerine ugradypdyr.

Bu wakada Eýranyň harbylarynyň hiç hili ýitgi çekmezden, deňiz garakçylaryny tussag edendikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG