Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly aktiwistler bir günde 43 adamyň öldürilendigini aýdýarlar


Şenbe güni siriýaly aktiwistler bir günüň dowamynda hökümet güýçleriniň amala aşyran dürli hüjümlerinde azyndan 43 adamyň ölendigini habar berdiler.

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýa boýunça ynsan hukuklaryny goraýjy topar şenbe güni diňe Hama prowinsiýasynyň töwereklerinde 40 adamyň ölüp, Homs şäherinde-de azyndan 3 adamyň ölendigi barada maglumat alnandygyny aýdýar.

Siriýanyň režimi Arap Ligasy we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan öňe sürlen parahatçylyk planlaryny 10-njy aprelden başlap durmuşa geçirmeklige borçlanypdy.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun anna güni eden çykyşynda bu soňky hüjümleri berk ýazgardy. Birleşen Milletler Guramasy soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Siriýada 9 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG