Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň hökümet maslahaty sport meselesine bagyşlanyldy


Anna güni Aşgabatda Sport we turizm boýunça milli institutyň hem-de olimpiýa rezerwleri boýunça mekdebiniň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde, prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Anna güni şol ýerde-de G.Berdimuhamedow göçme hökümet maslahatyny geçirip, ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meseleleri barada giňişleýin maslahat etdi.

Hökümet agzalarynyň, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, belli trenerleriň we sportsmenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe sportyň dürli görnüşleri boýunça ussat sportsmenleri taýýarlamak babatda geljek 3-5 ýyla niýetlenilen döwlet programmasyny taýýarlamaklyga görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG