Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanyň 100-den gowrak esgeri gara gömüldi


General-maýor Athar Abbas: "Gar süýşgüni tutuş bir harby lageri basdy we häzirki wagt halas ediş işleri alnyp barylýar".

General-maýor Athar Abbas: "Gar süýşgüni tutuş bir harby lageri basdy we häzirki wagt halas ediş işleri alnyp barylýar".

Şenbe güni Pakistanyň Goranmak ministrligi dawaly Kaşmir regionyndaky daglyk ýerde ýüze çykan uly gar süýşgüninde 100-den gowrak esgeriň gara gömlendigini tassyklady.

Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary general-maýor Athar Abbas gar süýşgüniniň tutuş bir harby lageri basandygyny we häzirki wagt halas ediş işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Ol “Ir sagat altylarda gar süýşgüni gelip, ol ýerdäki 113 admyň gara gömülmegine sebäp boldy. Häzirki wagt ol ýere halas ediş topary ugradyldy. Biz bu işde wertolýotlary, ysgaw itleri we mümkin bolan harby toparlary ulanýarys” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Näçe adamyň ölendigi belli däl

General-maýor Athar Abbas eýýäm garyň astyndan käbir adamlaryň çykarylandygyny aýtdy, emma ol näçe adamyň diri tapylandygy barada anyk maglumat bermedi.

Dawaly Kaşmir regionyndaky Gimalaý daglarynyň gündogar bölegindäki Siaçen buzluklary.

Dawaly Kaşmir regionyndaky Gimalaý daglarynyň gündogar bölegindäki Siaçen buzluklary.

Maglumata görä, bu gar süýşgüni Gimalaý daglarynyň “Karakoram” diýlip atlandyrylýan gündogar bölegindäki Siaçen buzluklarynyň golaýynda ýüz beripdir.

Bu wakadan birneme öň, şu ýylyň fewral aýynda Kaşmir regionynyň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde agyr gar süýşgüni harby lageriň üstünden geçende, Hindistanyň azyndan 16 esgeri ölüpdi.

Iň belent söweş meýdany

Bu regiony öz territoriýasy diýip hasaplaýan Hindistan bilen Pakistanyň ikisem özleriniň müňlerçe esgerini şu uzak daglyk raýonlarda saklaýar.

Bu harbylar dawaly Kaşmir regionynyň uzak daglyk ýerlerinde çakdanaşa sowuk howada we kislorody az bolan çakdanaşa beýiklikde gulluk alyp barýarlar.

1984-nýi ýyldan bäri Pakistanyň we Hindistanyň harbylarynyň yzygidreli çaknyşyp gelýän bu daglyk raýony dünýäde iň beýikde ýerleşýän harby söweş meýdany hökmünde tanalýar.

Harbylaryň ýerleşýän bu daglyk nokadynyň beýikligi 6 müň 700 metr töweregi.
XS
SM
MD
LG