Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow awtoýaryşda ýeňiş gazandy


Türkmenistanda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň çäginde 7-nji aprelde ýurtda ilkinji gezek awtoulag ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem bu ýaryşa gatnaşmaga “rugsat berildi”.

Köpçülik bilen tanyşdyrylandan soň, Berdimuhamedow çäräniň masterinden “[Ýaryşa] gatnaşmak mümkinmi?” diýip sorady.

Rugsat berlenden soň, Berdimuhamedow ýaryş egin-eşigini geýip, Türkiýede öndürilen “Volkicar” awtoulagyna mündi we beýleki sürüjileriň hataryna geçdi.

Ýaryşyň netijesinde Berdimuhamedow ýeňiş gazandy.

Berdimuhamedowyň ýeňşi yglan edilenden soň, çäräni gurnaýjylar prezidentiň süren maşynyny ýurduň milli sport muzeýine geçirmegi karar etdiler.

Berdimuhamedow ýaryş meýdançasyna “Bugatti Veyron” sürüp geldi. Sagatda 400 kilometr aralygy geçmäge ukyply bolan bu ulagyň bahasy 2 million dollara barabar.
XS
SM
MD
LG