Sepleriň elýeterliligi

Nobel baýragynyň laureaty Gunter Grass Ysraýyla goýberilmedi


Ýekşenbe güni Ysraýyl edebiýat boýunça germaniýaly Nobel baýragynyň laureaty Gunter Grassy bu ýurda goýbermekden ýüz öwürdi.

Muňa geçen hepde Gunter Grassyň Ysraýylyň ýadro programmasy babatda Günbataryň ikiýüzliligini tankytlaýjy goşgusynyň çap edilmegi sebäp boldy.

84 ýaşly Gunter Grass özüniň bu goşgusynda Ysraýylyň Eýran barada alyp barýan häzirki syýasatyny onsuz hem yrga atyp duran “dünýäniň durnuklylygy üçin howp” diýip atlandyrypdyr.

Anti-semitizm meýlinde aýyplanylyp gelinýän Gunter Grassyň özi öz tankydy goşgusynda tutuş Ysraýyly däl-de, Ysraýylyň häzirki hökümetini nyşana alandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG