Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran baradaky gepleşikleriň Türkiýede geçjekdigi habar berilýär


Ýekşenbe güni Türkiýäniň mediasy geljek hepde Türkiýede Eýranyň dawaly ýadro programmasy bilen baglanyşykly täze gepleşikleriň geçiriljekdigini habar berdi.

Maglumata görä, 13-nji aprelde Stambulda geçiriljek bu gepleşiklere Eýranyň resmileri bilen birlikde, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň we Germaniýanyň resmileri gatnaşarlar.

Ýöne medianyň bu maglumaty barada bu ady agzalan ýurtlardan heniz resmi tassyklaýjy maglumat alynmady. Türkiýäniň mediasynyň bu maglumatyndan öňinçä, gepleşikleriň geçiriljek ýeri barada dürli hili gapma-garşylykly maglumatlar peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG