Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýada prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi


Ýekşenbe güni Gürjüstanyň separatistik regiony bolan Günorta Osetiýa regionynda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi.

Onda 25-nji martda geçirilen birinji tapgyr saýlawlarda iň köp ses alan iki dalaşgär prezidentlik ugrunda bäsleşdi. Olar Günorta Osetiýanyň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ozalky başlygy Leonid Tibilow bilen regionyň ynsan hukuklary boýunça komissary Dawid Sanakoýew.

Regionyň kanunçylygyna görä, ses bermäge hukukly ilatyň azyndan 30 prosentiniň gatnaşan halatynda, saýlawlar kanuny diýlip hasaplanylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen ozalky prezidentlik saýlawlarynda oppozisiýa lideri Alla Jiýoýewanyň gazanan ýeňşini Günorta Osetiýanyň Ýokary sudy güýçsüz diýip yglan edipdi. Suduň bu karary ýurduň içinde we halkara jemgyýetçiliginde ýiti reaksiýalary döredipdi.
XS
SM
MD
LG