Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň “öldürildi” diýilýän ozalky wise-prezidenti peýda boldy


Saddam Husseýniň öldürilen diýlip hasaplanylýan orunbasary Izzat Ibrahim al-Douri ýekşenbe güni “YouTube” internet saýtynda wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.

“Bas” režimi döwründe Yragyň wise-prezidenti bolup işlän Izzat Ibrahim al-Douri 2005-nji ýylda öldürildi diýlip yglan edilipdi.

Ýöne ýekşenbe güni Yragyň territoriýasyndan internete ýerleşdirilen wideo ýazgyda Izzat Ibrahim al-Douri özüniň diridigini aýdýar we Yragyň häzirki şaýy hökümetiniň alyp barýan syýasatyny tankytlaýar.

Spesialistler heniz bu wideo ýazgynyň hakykydygy ýa däldigi barada belli bir zat aýtmaklygyň kyndygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG