Sepleriň elýeterliligi

Zardari ýedi ýyllyk “durgunlygy” bozdy


Prezident Asif Ali Zardari özüniň bu saparynyň barşynda ýekşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen-de duşuşdy. Nýu Deli, 8-nji aprel, 2012.

Prezident Asif Ali Zardari özüniň bu saparynyň barşynda ýekşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen-de duşuşdy. Nýu Deli, 8-nji aprel, 2012.

Ýekşenbe güni Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari döwlet lideri hökmünde ilkinji gezek Hindistana sapara bardy. Munuň özi Pakistanyň döwlet lideri tarapyndan soňky ýedi ýylyň dowamynda Hindistana edilen ilkinji sapar hökmünde alamatlandy.

Prezident Asif Ali Zardari özüniň bu saparynyň barşynda ýekşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen-de duşuşdy.

Zardariniň sapary “resmi däl sapar” diýlip atlandyrylsa-da, bu sapar Hindistan bilen Pakistanyň dartgynly gatnaşyklaryny ýumşatmaklyga ýardam etmegi mümkin diýen umytlary döretdi.

Dürli garaýyşlar bar

Hindistanly belli žurnalist Prem Şankar Jha 2008-nji ýylda Bombeýde amala aşyrylan terror hüjüminden soň Hindistan bilen Pakistanyň ýaramazlaşan gatnaşyklarynyň soňky wagtlar kem-kem gowulaşmak bilendigini belledi.

Ol: “Meniň pikirimçe, wakalar Pakistan bilen Hindistanyň kadaly gatnaşyklary ýola goýmaklaryna tarap tiz hereket edýär. Häzirki saparyň maksadam, ahyrky netijede, Manmohan Singhiň Yslamabada sapar etmegine ýol açmakdan ybarat. Ol hem öz gezeginde geljekki ýokary göteriljek gatnaşyklara ýol açýan möhüri basar” diýip nygtady.

Emma Hindistanyň esasy oppozision partiýalaryndan biri bolang “Bharatiýa Janata” partiýasynyň metbugat sekretary Tarun Wijaý prezident Asif Ali Zardariniň bu saparynyň şahsy bir sapardygyny we onuň Pakistandaky öz pozisiýasynyň-da indi gowşandygyny belläp, bu sapardan çynlakaý bir netijelere garaşmaýandygyny mälim etdi.

Oňyn alamatlar-da bar

Beýleki tarapdar, soňky wagtlar Hindistan bilen Pakistanyň özara ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmeklige tarap hereket edýändiklerini görmek bolýar.

Öz gezeginde, Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari ýakynda Hindistana garşy girizilen käbir söwda gadagançylyklarynyň ýatyrylmagyny goldap çykyş etdi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Kaşmir regiony boýunça territorial dawalar we pakistanly söweşijileriň Hindistana garşy aktiw hereket alyp barmaklary ýaly käbir meseleler henizem bu iki ýurduň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edýän meseleler bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG