Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan oppozisiýasy Bakuwda protest gurnady


Azerbaýjan oppozisiýasy prezident Alyýewiň işden çekilmegini talap edýär. Bakuw, 2012-nji ýylyň 8-nji apreli.
Azerbaýjan oppozisiýasy prezident Alyýewiň işden çekilmegini talap edýär. Bakuw, 2012-nji ýylyň 8-nji apreli.

Oppozisiýa goldawçylary ýekşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda hökümete garşy protest gurnap, reforma çagyrdylar we ýurduň awtoritar prezidenti Ylham Alyýewiň işden çekilmegini talap etdiler.

Protestçiler geçen ýyl hökümete garşy guralan protestler mahalynda tussag edilen onlarça syýasy aktiwistiň hem azatlyga çykarylmagyny talap etdiler.

Bu geçen ýylky protestler hökümetiň zorlukly basyşy bilen soňlanandan soň, azerbaýjan häkimiýetleri tarapyndan ygtyýar berlen ilkinji demonstrasiýalar boldy.

Ýekşenbe güni bolan ýygnanyşygy gurnaýjylar demonstrasiýa 10 müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar. Emma muňa garamazdan, Bakuw polisiýasy protestçileriň sanynyň 1200 çemesi bolandygyny aýdýar.

Bakuw polisiýasynyň beýanatynda protestçileriň birnäçe oppozisiýa herketiniň, şol sanda Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň, “Musawat” we “Halk” partiýalarynyň, şeýle-de birnäçe hökümetden aýra toparyň, ýaşlar toparlarynyň agzalarydyr goldawçylary bolandygy bellenýär.

Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň lideri Ali Kerimli ýygnanyşykda eden çykyşynda ýurtda has köp azatlyga çagyryş etdi.

“Ylham Alyýewiň baştutanlygyndaky Azerbaýjan hökümeti, öz korrupsiýasyndan ünsi sowmakdan ötri, demonstrasiýalary gadagan etmek arkaly, soňky ýedi ýylda Azerbaýjan oppozisiýasyny dargytmak, azat sözi sem etmek syýasatyny alyp barýar” diýip, Kerimli aýtdy.

“Musawat” (Deňlik) oppozisiýa partiýasynyň lideri Isa Gambar Azerbaýjandaky ýagdaýy geçen ýyl halk gozgalaňlarynyň tolkunynda režim çalşygy bilen ýüzbe-ýüz bolan arap ýurtlaryndaky ýagdaýa deňedi.

“Biz dünýädäki özgerişlik, demokratiýa we azatlyk tolkunynyň Azerbaýjana hem geljegine ynanýarys. Muňa garamazdan, şol bir waggtda biz bu prosesiň parahat, arap ýurtlaryndaky ýaly gapma-garşylyksyz, gandöküşlik bolmazdan amala aşmagyny isleýäris” diýip, Isa Gambar aýtdy.

Ol “Musawat” partiýasynyň saýlap alan ugrunyň parahatçylykdygyny, eger wakalar başgaça öwrüm alsa, munuň jogapkärçiliiniň Alyýewiň hökümetiniň üstüne düşjegini hem sözüne goşdy.

Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň bir agzasy Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna özüniň we ýene 10 aktiwistiň demonstrasiýa gatnaşmaga gelýärkäler, ýolda polisiýa tarapyndan urlup-enjilendigini gürrüň berdi. Bakuw polisiýasy bu aýdylýanlary inkär etdi.

Demonstrasiýany gurnaýjylar häkimiýetleriň proteste gatnaşmaga gelýänleriň sanyny azaltmak üçin transport päsgelçiliklerini döredendiklerini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň şäheriň daş-töwereginde howpsuzlyk nokatlaryny döredendigini aýdýarlar.

Demokratiýa tarapdar oppozisiýa aktiwistleri nebite baý Hazar döwletiniň paýtagty Bakuwda geçen ýyl hem ýygnanyşyk geçirdiler, ýöne olaryň protestleri polisiýa tarapyndan güýç bilen basylyp ýatyryldy.

Şonda azyndan 16 aktiwist tussag edilipdi. Olaryň käbiri azat edildi, emma azyndan 12-si henizem türmede otyr.
XS
SM
MD
LG