Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýa: KGB-niň öňki başlygy saýlawlarda ýeňiş gazandy


Günorta Osetiýanyň KGB gullugynyň ozalky başlygy prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy diýlip, yglan edildi.

Günorta Osetiýanyň saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda Leonid Tibilow sesleriň 54,12% almagy başarypdyr.

Mundan öň, Ýokary sud noýabr aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryny bikanun diýip yglan edip, täze saýlawlary geçirmek barada karar çykarypdy.

Geçen ýylky saýlawlarda oppozisiýa lideri Alla Džioýewa ýeňiş gazanypdy.

Günorta Osetiýa, Abhaziýa regiony ýaly, 1990-njy ýyllaryň başlarynda Gürjüstandan özüniň garaşsyzlygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG