Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Omar Süleýman harbylara arka diremeýändigini aýdýar


Müsüriň ozalky içaly gullugynyň başlygy, häzir prezidentlige dalaş edýän Omar Süleýmanyň sözlerine görä, ol ýurduň harbylaryna arka diremeýär.

74 ýaşly Omar Süleýman özüniň kandidaturasyny geçen anna güni yglan edipdi. Şondan iki gün geçmänkä, ol prezidentlige dalaş etmek üçin hökmany zerur bolan 30 müň goluň iki essesini ýygnamagy başardy.

Ençeme ekspertleriň öňe sürmegine görä, Süleýmanyň harby geçmişi sebäpli, häkimiýet başyndaky Harby geňeşiň ony goldamagy mümkin.

Emma duşenbe güni ýerli habar beriş serişdelerine beren interwýusynda Süleýman ýurduň Harby geňeşiniň ony goldaýandygy baradaky maglumatlary ret etdi.
XS
SM
MD
LG