Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Owganystan gijeki reýdler babatda ylalaşyk baglaşdy


Owganystanda gijeki reýdleri ýurduň ýerli güýçleri amala aşyryp başlar. Bu baradaky degişli memoranduma Owganystanyň goranmak ministri we ýurtdaky NATO güýçleriniň komanduýişisi Kabulda gol goýdular. Şertnama görä, Amerikanyň güýçleri gijeki reýdlerde diňe hemaýat berer.

Gijeki reýdler ABŞ-Owganystan gatnaşyklarynda köpden bäri dartgynly mesele bolup gelýärdi.

Köp owganlylar daşary ýurtlularyň amala aşyrýan gijeki reýdleriniň netijesinde aýal maşgalalaryň şahsy durmuşynyň bozulýandygyny öňe sürüp, muňa garşy çykýarlar.
XS
SM
MD
LG