Sepleriň elýeterliligi

Türkmen boksçulary öňe saýlanýarlar


Boks boýunça ýarym final bäsleşikleri 11-nji aprelde geçiriler.

Boks boýunça ýarym final bäsleşikleri 11-nji aprelde geçiriler.

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän Aziýa oýunlarynda türkmenistanly boksçular Serdar Hudaýberdiýew bilen Nursähet Pazzyýew 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Serdar Hudaýberdiýew 64 kilograma çenli agramda çykyş edýär. Bu agramda Londonda geçjek tomusky Olimpiýadada dört sany baýrakly orunlar ugrunda 18 boksçy bäsleşer. Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agramda çykyş edýär. Onuň agramynda bolsa 4 orun ugrunda 16 boksçy bäsleşer.

Serdar Hudaýberdiýew özüniň ilkinji bäsleşiginde pakistanly garşydaşyny 21:6 hasabynda ýeňmegi başardy. Soňra ol çärýek finalda gyrgyzystanly bäsdeşinden üstün çykdy we Londondaky tomusky Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy.

Nursähet Pazzyýew bolsa ilkinji bäsleşikde Eýran toparynyň wekilini 18:7 hasabynda utdy. Ol ýarym finala çykmak ugrundaky bäsleşikde yrakly boksçyny ýeňdi.

Boks boýunça ýarym final bäsleşikleri 11-nji aprelde geçiriler.

Londondaky tomusky Olimpiada gatnaşjak boksçy Serdar Hudaýberdiýew 2009-njy ýylda Hytaýda geçen Aziýa çempionatynda diňe bir altyn medal alman, Milandaky Dünýä çempionatynda 60 kilograma çenli agramda dünýäniň iň güýçli boksçularynyň 8-ligine girmegi başarypdy.

Nursähet Pazzyýew bolsa 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen ýaşlaryň birinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynda bürünç medaly alypdy.

Häzirki wagtda 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek tomusky Olimpiada gatnaşjak türkmenistanly sportsmenleriň sany 9-a ýetdi. Olar agyr atletika, aýal-gyzlaryň arasynda dzýudo, ýeňil atletika we erkekleriň arasynda suwda ýüzmek boýunça hem bäsleşerler.

Londondaky tomusky Olimpiada gatnaşjak türkmenistanly toparyň jemleýji düzümi ähli saýlama ýaryşlar tamamlanandan soň belli bolar.

2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpia oýunlaryna Türkmenistandan 10 sportsmen gatnaşypdy. Emma olar ýekeje-de medal alyp bilmändiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG