Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýäniň premýeri Erdogan Hytaýa sapar edýär


Soňky 27 ýylyň içinde ilkinji gezek Türkiýäniň premýer-ministri Hytaýa sapar edýär.

Rejep Taýýip Erdogan Hytaýa ýany bilen 300 töweregi türk biznesmenini hem alyp bardy. Olar Türkiýä has köp hytaý sermaýasyny çekmek, şeýle-de Hytaýa Türkiýäniň eksportyny artdyrmak isleýärler diýip, Hytaýyň resmi metbugaty habar berýär.

Erdogan duşenbe güni premýer-ministri Wen Jiabo, sişenbe güni bolsa preziden Hu Jintao bilen duşuşar.

Ýekşenbe güni Erdogan Hytaýyň günbatar regionyna – Şinjiana hem bardy. Bu regionda türkler bilen etniki we medeni baglary bolan musulman uýgurlar ýaşaýarlar.

Geçmişde Ankara bu regiondaky protestleri Pekiniň basyp ýatyrmagyny ýiti tankytlapdy.
XS
SM
MD
LG