Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda gadymy gazak medeniýetiniň sergisi geçirilýär


Nýu-Ýorkuň Gadymy dünýäni öwreniş institutynda açylan we häzirki eýýamdan öňki birinji müňýyllyga degişli 250-ä golaý eksponaty öz içine alýan bu serginiň guramaçylyk işleri iki ýyla çekdi.

Nýu-Ýorkuň Gadymy dünýäni öwreniş institutynda açylan we häzirki eýýamdan öňki birinji müňýyllyga degişli 250-ä golaý eksponaty öz içine alýan bu serginiň guramaçylyk işleri iki ýyla çekdi.

Gazagystanyň Gündogar böleginden tapylan gadymy senetleriň sergisi ýurduň gadymy çarwa durmuşynyň aýratynlyklaryndan habar berýär. Nýu-Ýorkuň Gadymy dünýäni öwreniş institutynda açylan we häzirki eýýamdan öňki birinji müňýyllyga degişli 250-ä golaý eksponaty öz içine alýan bu serginiň guramaçylyk işleri iki ýyla çekdi. At eýerleriniň altyn böleklerini we dürli gap-çanaklary görkezýän bu sergi çarwa halklaryň sada durmuş şertlerinde ýaşanlygy baradaky pikiri puja çykarýar.

Nýu-Ýorkuň Gadymy dünýäni öwreniş institutynda ýerleşdirilen sergide häzirki eýýamdan öňki birinji müňýyllyga degişli gazak medeniýetiniň 250-den gowrak taryhy zatlary köpçülige görkezilýär. Bu ýerde at bezeglerine degişli altyn şaý-seplerden başlap, mazar talaňçysynyň haltasyndan tapylan şaý-sepler ýaly seýrek zatlary görmek mümkin.

Muzeý işgäri Karen Rubinson “Bu sergi çarwa halklaryň oturymly goňşularyna garanda has yzagalakdygy baradaky pikirleri puja çykarýar” diýip belleýär.

Medeni aýratynlyklar

Karen Rubinsonyň sözlerine görä, serginiň guramaçylary çarwa halklaryň durmuşynyň örän çylşyrymly, medeniýetleriniň bolsa köp taraply we owadan bolanlygyny, olaryň çylşyrymly jemgyýetçilik gurluşynda we tebigat bilen inçe gatnaşykda ýaşanlygyny görkezmek isläpdirler.

Gazagystanyň dört sany milli muzeýleriniň eksponatlaryndan düzülen sergi Gazagystan bilen ABŞ-nyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesidir. Zatlaryň köpüsi, Gazagystanyň gadymy “Pazyryk” medeniýetinden gelip çykýar. Bu medeniýete degişli gonamçylyklarda baý adamlaryň atlary bilen bile jaýlanan mazarlary tapyldy.

Serginiň köp eksponatlary Pars imperiýasynyň we Hytaýyň täsirini hem görkezýär we giň söwda gatnaşyklarynyň alnyp barlanlygyny habar berýär.

Suratlar Sergidäki eksponatlardan, Nýu-Ýork.

Bu serginiň ideýasy iki ýyl mundan ozal Gazagystanyň ilçisi Ýerlan Idrisow Nýu-Ýorkuň Gadymy dünýäni öwreniş institutyna özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklibi bilen ýüzlenensoň döräpdi.

Bu sergi çarwa halklaryň oturymly goňşularyna garanda has yzagalakdygy baradaky pikirleri puja çykarýar.

Idrisow serginiň eksponatlary barada gürrüň berýän 200 sahypalyk çap edilen ýörite neşiriň ähmiýetine hem ünsi çekýär. Idrisowyň bellemegine görä, çap görnüşli maglumatlar “amerikan jemgyýetçiligine anyk düşündiriş bermek üçin zerur, sebäbi köp adamlar Ýewraziýanyň taryhyndan we çarwa halklarynyň taryhyndan habarly däl”.

Serginiň tomaşaçylarynyň biri, 30 ýaşly Huan Garsia kollejde Wawilon taryhyny öwrenenligini gürrüň berip, gazak sergisine medeniýetleri deňeşdirmek üçin baranlygyny aýtdy. Huan Garsia sergide gören bürünç zatlarynyň inçeden nepisliginiň özünde täsir galdyranlygyny aýtdy.

Sergi Nýu Ýorkda 3-nji iýuna çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG