Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwist maşgalanyň agzalary “howply prowokasiýada” aýyplandy


Hytaýda sud maýyp bir aktiwiste we onuň adamsyna “howply prowokosiýa” etmekde aýyplama ýöňkäp, olary türme tussaglygyna höküm etdi.

Ni Ýulan we onuň adamsy Dong Jikin hökümetiň arka durmagynda bikanun alnan ýerleriň eýelerine hemaýat berýärdiler.

Ozal aklawçy bolup işlän Ni 2 ýyl we sekiz aý, onuň adamsy bolsa iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Maşgalanyň gyzy - Dong Şuanyň berýän maglumatyna görä, onuň ene-atasy myhmanhananyň tölegini tölemekden ýüz öwrendikleri üçin sud edilipdirler.

Maşgala bu myhmanhana 2010-njy ýylda polisiýa tarapyndan ýerleşdirilipdi. Şol wagt Ni öň berlen iki ýyl türme tussaglygyndan boşap gelipdi.

Ni we Dong 2008-nji ýylda Pekindäki öýleri ýykylandan soň, köçelerde ýatyp-turupdylar.
XS
SM
MD
LG