Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Orsýetde türkmen migrantlary kynçylyk çekýär"


H.Ýakubow: "Olar, esasan, gurluşyklarda işleýärler. Şeýle-de olar kolhoz-sowhozlarda käşir, pomidor, kartoşka ýygnaýarlar".
H.Ýakubow: "Olar, esasan, gurluşyklarda işleýärler. Şeýle-de olar kolhoz-sowhozlarda käşir, pomidor, kartoşka ýygnaýarlar".
Orsýetdäki özbegistanly zähmet migrantlary ýaly türkmenistanlylar hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada 9-njy aprelde düýbi Özbegistanyň Horezm şäherindäki, hökümete degişli bolmadyk, adam hukuklary boýunça “Nažot” guramasy habar berdi.

Emma Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat wekili Aleksandr Sankow Azatlyk Radiosyna özlerinde bular ýaly maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy.

Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere bu mesele boýunça “Nažot” guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap H.Ýakubow, siz bu maglumatlary nireden aldyňyz?

H.Ýakubow: Biziň “Nažot”guramamyza Orsýetiň Leningrad oblastyndan özüni Awdyjalol diýip tanyşdyran biri we beýlekiler telefon etdiler. Olar iki-üç ýyl bäri Orsýetde işleýändiklerini we örän agyr şertlerde ýaşaýandyklaryny, özlerini işledýänleriň pul tölemeýändiklerini aýtdylar. Olar türkmenistanly zähmet migrantlarynyň hem özleri ýaly köp kynçylyk çekýändiklerini gürrüň berdiler. Olar Lebap welaýatyndan, şol sanda Çärjewden, Darganatadan gelipdirler.

Şonuň ýaly-da bir-iki sany türkmen Özbegistanyň Garşy şäherinden gelipdir. Olary işledýänler aýlyk tölemändirler we olaryň pasportlaryny hem alypdyrlar. Olara Orsýetiň raýatlary gözegçilik edýärler.

Türkmenistanlylar atlarynyň tutulmagyny islemediler we häzirem Sankt-Peterburg şäherinde işleýändiklerini aýtdylar. Olaryň beren maglumatlaryna görä, häzir Orsýet Federasiýasynda takmynan 17,000 türkmenistanly zähmet migrantlary bar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, olar nähili işlerde zähmet çekýärler?

H.Ýakubow: Olar, esasan, gurluşyklarda işleýärler. Şeýle-de olar kolhoz-sowhozlarda käşir, pomidor, kartoşka ýygnaýarlar. Olaryň aýallary bolsa, ors maşgalalarynda eneke bolup işleýärler.

Azatlyk Radiosy: Olar özleriniň ýaşaýyş şertleri barada näme gürrüň berdiler?

H.Ýakubow: Olaryň esasy kynçylygy ýaşamaga jaýlarynyň ýokdugy. Olaryň käbiri kireýine jaý alýarlar. Emma olaryň köpüsi ýerzeminlerde, özlerini işledýänleriň daçalarynda ýaşaýandyklaryny we kadaly ýaşaýyş şertleriniň ýokdugyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy: Umuman, olara näçe aýlyk tölenýärkä?

H.Ýakubow: Olar häzir 200-350 dollar çemesi aýlyk alýandyklaryny we mydama şeýle aýlygyň tölenmeýändigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Türkmenistandan Orsýete işlemäge baranlara polisiýa azar berýärmikä? Bu barada maglumatyňyz barmy?

H.Ýakubow: Olaryň bize aýtmaklaryna görä, Türkmenistandan Orsýete işlemäge baranlara polisiýa azar bermeýär. Eger olary polisiýa tutsa, olar men Türkmenistandan diýseler ýa-da polisiýa olaryň türkmen pasportyny görse, goýberýär. Polisiýa, esasan, özbeklere azar berýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin?

H.Ýakubow: Men sebäbini bilemok. Düşünmedim. Maňa oglanlar şeýle diýip aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Siz daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanlylar barada ýaýradan maglumatlaryňyzda olary üç topara bölüpsiňiz. Eýse, bu maglumatlary nireden aldyňyz?

H.Ýakubow: Bize jaň eden türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanlylar ýokary wezipelerde oturanlaryň tanyşlary bolsalar, olar islän daşary ýurtlaryna gidip bilýärler. Olar Ýewropa, Amerika, Saud Arabystanyna we, esasanam, Türkiýä gidýärler.

Ikinji topara, telekeçiler girýär. Olaram islän daşary ýurduna gidýärler. Olaryň puly we tanyş-bilişleri bar. Şol telekeçiler Türkiýä, Eýrana, Arap ýurtlaryna we käbirleri bolsa, Ýewropa gidýärler.

Üçünji topara adaty raýatlar girýärler. Olar Türkmenistandan çykyp, esasan, Orsýetde işleýärler diýip, türkmenistanlylar aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, “Nažot” guramasy Orsýetde agyr şertlerde işleýän türkmenistanly zähmet migrantlar barada türkmen häkimiýetlerine ýüzlendimi?

H.Ýakubow: Men olar barada türkmen häkimiýetlerine entek hat ýollamadym. Çünki men häzir daşary ýurtda iş saparynda. Emma Orsýetde agyr şertlerde işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasyna hat ýollamakçy.
XS
SM
MD
LG