Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda garyň aşagynda galanlary halas ediş çäreleri togtadyldy


Pakistanda gar inmesiniň aşagynda galan adamlary halas ediş çäreleri garyň ýagyp başlamagy bilen togtadyldy.

Şenbe güni bolan gar süýşmesi Hindistan bilen araçäkdäki harby bazany gömüpdi.

Duşenbe güni gar sebäpli 200 töweregi esger we beýleki adamalar Siaçen sebtinde halas ediş çärelerini togtatmaga mejbur boldular. Olar 25 metr galyňlykdaky gary, daş böleklerini we palçygy arassalajak bolýarlar.

Pakistanyň armiýasy garyň aşagynda diri adamlaryň galandygynyň anyk däldigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG