Sepleriň elýeterliligi

Siriýada gazaplylygyň dowam edýändigi habar berilýär


Siriýada BMG-niň arka durmagynda ýurduň şäherlerinden goşunlary çykarmak planynyň güýje girendigine garamazdan, ýurtda gazaplylyk dowam edýär.

BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annanyň hödürlän planyna görä, Siriýa hökümeti sişenbe gününden başlap goşunlary şäherlerden çykaryp başlamaly, şeýle-de penşenbe güni ot atyşlygy doly togatmaly.

Ýöne, aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni hökümet güýçleri Hama we Homs şäherleriniň käbir böleklerini oka tutupdylar.

Orsýete sapar edýän siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem häzir şäherlerden ençeme harbylaryň çykarylandygyny, şeýle-de käbir tussaglaryň azatlyga goýberlendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG