Sepleriň elýeterliligi

"Gyzyl Hajyň" wekilleri türkmen türmesine bardylar


Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleri Türkmenistanyň türmelerine baryp gördüler.

Düýbi Ženewada ýerleşýän guramanyň ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistana sapar edýän delegasiýa ýurduň resmileri bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşik geçiripdir.

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Daşkentdäki edarasynyň işgäri Aigul Halaýle bu sapar barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Delegasiýanyň wekilleri binalaryň içine aýlandylar, tussag edilenleri gördüler, olaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyş boldular. Ýöne tussaglar bilen ýüzbe-ýüz gürleşip bolmady”.

Türkmenistanyň hökümeti halkara synçylary öz türmelerine goýbermeýänligi we syýasy tussaglar barada maglumat bermeýänligi üçin adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan berk tankyt edilip gelinýär.
XS
SM
MD
LG