Sepleriň elýeterliligi

"Migrasiýa" hakyndaky täze kanunda täzelik barmy?


Türkmenistanyň serhet geçelgesindäki migrasiýa gullugynda wideo-gözegçilik çäreleri gözden geçirilýär. Aşgabat, 2011.

Türkmenistanyň serhet geçelgesindäki migrasiýa gullugynda wideo-gözegçilik çäreleri gözden geçirilýär. Aşgabat, 2011.

31-nji martda Türkmenistanyň Mejlisi kanunlar toplumyny kabul etdi. Olaryň arasynda “Halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy”, “Statistika”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy”, “Migrasiýa” hakyndaky kanunlar ýaly başga-da ençeme kanunlar bar.

11-nji aprelde türkmen metbugatynda “Migrasýa” hakyndaky täze kanunyň teksti çap edildi. Eýsem, Türkmenistanyň içinde ýaşaýan adamlary-da, daşary ýurtlarda ýaşaýanlary-da gyzyklandyrýan bu täze kanunda ozalky kanun bilen deňeşdirilende göze ilýän nähili täzelikler bar? Şu mesele boýunça Azatlyk Radiosy türkmen kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

"Dewid Börk" adyndaky halkara baýragynyň laureaty, žurnalist Aşyrguly Baýryýew.

"Dewid Börk" adyndaky halkara baýragynyň laureaty, žurnalist Aşyrguly Baýryýew.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, daşary ýurda ýa daşary ýurtdan Türkmenistana durmuşa çykan aýal-gyzlar, olaryň Türkmenistana gelmekleri ýa Türkmenistandan çykmaklary barasynda täze kanunda nähili düzgünler bar?

A.Baýryýew: Migrasiýa hakyndaky kanunda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna garanyňda raýatlaryň hukuklary birneme giňeldilen. “Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň” 13-nji mddasynyň birinji bendi , ýagny “Her bir adamyň öz ýaşaýan döwletiniň çäklerinde ondan-oňa erkin gitmäge we özi üçin ýaşaýyş ýerini erkin saýlap almaga hukugy bardyr” diýen bendi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna dolulygyna alnypdyr.

Ýöne onuň ikinji bendi, ýagny “Her bir adamyň islendik ýurtdan, şol sanda hut özüniň ýurdundan çykyp gitmäge we öz ýurduna gaýdyp gelmäge hukugy bardyr” diýen düzgün Konstitusiýa alynmandyr. Ine, “Migrasiýa hakyndaky kanuna” şu ikinji bentdäki düzgün alnypdyr hem-de türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň hem-de daşary ýurtlardan yzlaryna erkin gaýdyp gelmeginiň hukuklary kepillendirilipdir. Munuň özi, elbetde, gowy zat.

Azatlyk Radiosy: Öň döwlet işlerinde işläp, soň wezipeden çykarylan adamlaryň ýa-da daşary ýurtlardaky syýasy dissidentleriň dogan-garyndaşlarynyň daşary ýurtlara çykmaklaryny ýa-da baryp-gelmeklerini ýeňilleşdirýäýjek düzgünler täze kanunda barmy?

Türkmenistanyň Migrasiýa gullygynyň raýatlardan biriniň arzasyna beren resmi jogaby. Mart, 2011.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullygynyň raýatlardan biriniň arzasyna beren resmi jogaby. Mart, 2011.

A.Baýryýew: Olar babatda ozalam kanunda gadagançylyk ýok. Her bir türkmenistanly ýurtdan çykybam, ýurda gaýdyp gelibem bilmeli. Şu babatda kanunyň 30-njy maddasy bar. Onda belli bir çäklendirmeler, şol sanda kimiň Türkmenistandan daşary ýurda çykmaklygyna çäkdendirme girizilýändigi ýaly düzgünler-de bar.

Şol bölümde “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegini wagtlaýyn çäklendirmek üçin esaslar” diýlip, on sany sebäp görkezilipdir. Ýöne olaryň arasynda daşary ýurtda hossarlary bolanlaryň ýa dissidentleriň ýa-da daşary ýurda hemişelik ýaşamaga gidenleriň dogan-garyndaşlaryny ýurtdan çykarmaly däl diýen düzgün ýok.

Şu 30-njy maddada görkezilen düzgünlere gabat gelmeýän käbir beýleki graždanlaryňam ýurtdan çykarylmaýan halatlary bar.

Azatlyk Radiosy: Täze kanunyň kabul edilmegi şu meseleleriň çözülendigini aňladýarmy?

A.Baýryýew: Ýok. Kanunyň kabul edilmegi diňe işiň başlangyjy. Sebäbi, şol kanuny ýerine ýetirmekde häzir, gynansak-da, ýurtda kemçilikler bar. Ana, şonuň üçinem muňa, elbetde, birinji nobatda jemgyýetçiligiň gözegçiligi gerek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG