Sepleriň elýeterliligi

Fontanlaryň saýasyndaky suw gytçylygy


Hitrowkaly Ogulmaral daýza: “Bäş ýyl bäri şu suw meselesinden kösenýäris , ömürboýy diýsegem ýalňyşmarys. Biziň suw meselämiz kyn”.

Hitrowkaly Ogulmaral daýza: “Bäş ýyl bäri şu suw meselesinden kösenýäris , ömürboýy diýsegem ýalňyşmarys. Biziň suw meselämiz kyn”.

Aşgabdyň uly ýollarynyň gyralarynda, şaýollaryň ugurlarynda gurlan ýüzlerçe suw çüwdürimlerinden gije-gündiz suw pürkülip dur. Bu görnüş, agşamara gezelenje çykýan paýtagtlylaryň sözi bilen aýdylanda, aga bürelen şäheriň gözelligini hasam artdyrýar.

Emma göräýmäge bol suwly bolup görünýän Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi agyz suw ýetmezçikliginden kösenýär. Aşgabadyň Hitrowka raýonynyň ýaşaýjysy Ogulmaral daýza hem suwsuzlykdan kösenýänlerden biri.

65 ýaşly pensionir Ogulmaral daýza: “Baryp dört-bäş ýyldan bäri gije ýatman diýen ýaly suw alyp goýýarys. Gyşyň güni arkaýynrak alýarys, ýaz çykyp başladygy bize suw ýok. Biziň ýaşaýan ýerimiz Hitrowka, hususy jaýlar. Bäş ýyl bärä kösenýäris şu suw meselesinden, ömürboýy diýsegem ýalňyşmarys. Biziň suw meselämiz kyn” diýip, zeýrendi.

Bahar pasly ýetip gelen häzirki günlerde “agyz suwy meselämiz bu ýyl nähili bolarka?” diýen sorag diňe Ogulmaral daýzanyň däl, umuman, paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň uly bir böleginiň, aýratynam, Hitrowkanyň ýaşaýjylarynyň ynjalygyny gaçyrýar.

Hitrowkanyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, olaryň alada galmagyna ýeterlik esas hem bar.

Hitrowkanyň 38 ýaşly ýaşaýjysy Durdy: “Grantdan akýan suw pes. Onsoňam, suw geçýän turbalar köne, poslan. Käýerlerde turbalar ýarylýar. Wagty bilen bejerilmeýär. Kanalizasiýa hem kadaly işlänok. Güýçli ýagyş ýagsa, kanalizasiýa suwy çekip bilmeýär” diýip, gürrüň berýär.

Her kim özüçe çykalga gözleýär

Paýtagtyň Hitrowka raýonyna “bir gatly Aşgabat” diýseň hem boljak. Bu raýondaky ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi bir gatly hususy jaýdyr howlulardan ybarat. Raýonyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, agyz suw üpjünçiligi meselesinde olaryň ýüzüniň gülen mahaly gaty seýrek bolupdyr.

Bu problema ýerli ýaşaýjylary bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapmaga mejbur edipdir. Käbir hitrowkalylaryň aýtmagyna görä, suwuň akyşy peselensoň, adamlar öz öýlerinde suw nasoslaryny ulanmaga başlapdyrlar.

Suw nasosy diňe bir Hitrowka raýonynda däl, eýsem paýtagtyň demir ýoldan gaýradaky beýleki ýaşaýyş jaýlarynyň hem köpüsinde ulanylýar. Suw problemasy sebäpli hatda Garadamak obasynda-da suw nasosynyň ulanylýandygyny ildeşlerimiz aýdýarlar.

Emma hemmäniň suw nasosyny edinmäge-de mümkinçiligi ýok. Şeýle mümkinçiligi bolmadyklar diňe suwuň akyşynyň peselmeginden däl, eýsem goňşularynyň suw nasoslaryndan hem kösenýändigini aýdýarlar.

“Goňşyň nasosyny işletse, saňa gelýänje suwam kesilýär. Şonuň üçin, her kim başardygyndan nasos goýýar. Nasossyz hojalyklara bolsa diňe beýleki goňşulary grantlaryny ýapanyndan soň, suw gelip başlaýar” diýip, Hitrowkanyň ýaşaýjysy, 32 ýaşly Döwlet aýdýar.

Bu ýagdaý bolsa, göräýmäge suwa baý bolup görünýän paýtagtyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna gaty agyr täsirini ýetirýär. Hitrowkaly Döwletiň aýtmagyna görä, bu ýagdaý sebäpli ne-hä göwnejaý suwa düşünip bolýar, ne-de beýleki hajatlar üçin suw ulanyp bolýar.

“Kanagatlanarly jogap ýok”

Ak mermere bürelen paýtagtyň ýaşaýjylarynyň, aýratynam hitrowkalylaryň suw problemasy diňe suwuň ýetmezçiligi bilen hem çäklenmän, gelýänje suwy gaýnatman içip bolmaýanlygy-da bir problema bolmagynda galýar. Wodoprowodyň turbalary arkaly goýberilýän suwy asla içmezligi maslahat berýän lukmanlar az däl.

Şunlukda, Hitrowkanyň ýaşaýjylarynyň arasynda howuz gurnup, çeşme suwuny guýdurýanlaram bar. Şolardan biri Durdy bu barada şeýle diýdi: “Biziň raýonymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi howluly bolansoň, howlularynda howuz gurdurýanlar kän. Howuz üçin agyz suwy Ýanbaşdan getirilýär. Howuz gurdurmaga gurby çatmadyklar bolsa, grantdan gelýän suwy gaýnadyp içýärler”.

Aşgabatdaky fontanlaryň, suw çüwdürimleriniň sany barha artýan häzirki günlerde hitrowkalylar özleriniň suwsuzlykdan çekýän kynçylyklarynyň ýylyň-ýylyna dowam edýändigini aýdýarlar. Bu raýonyň ýaşaýjysy Ogulmaral daýzanyň aýtmagyna görä, hökümet hem bu ugurda ýeterlik çäre görmeýär.

“Prokuratura çenli hem ýazdyk, jogabam berenoklar. Jogap geläýse-de, kanagatlanarly jogap berenoklar. ‘Seredýäris’ diýýärler. Boldy. Şonuň bilenem hemme zat tamam. Goňşularymyz bilen uýşübem gitdik, häkimlige üç sapar bardyk, prokuratura ýazdyk. ‘Bararys, serederis’ diýýärler. Şu söz bilenem biz oňmaly bolýarys, edilýän zat ýok” diýip, Hitrowkanyň ýaşaýjysy Ogulmaral daýza aýdýar.

Ine, hä diýmän ýene tomus ýetip gelýär. Hitrowkaly Durdy, Döwlet we 65 ýaşly pensioner Ogulmaral daýza dagylar bolsa resmi taýdan suw mugt diýilýän Türkmenistanda şu wagtdan, iň bolmanda, agyz suw meselesinde öz tomuslaryny nähili geçirjekdikleriniň aladasyny edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG