Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijiniň 40 kilometri guruldy


Türkmenistanly spesialistler “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijiniň ilkinji 40 kilometrini gurdular.

Uzynlygy 766 kilometre deň we her ýylda 30 milliard kubmetr tebigi gaz akdyrmaga ukyply boljak bu gazgeçirijini 5 ýylyň dowamynda gurmak göz öňünde tutulýar.

Ol Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz kompressor stansiýasyndan Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz stansiýasyna çenli çekiler diýip Türkmenistanyň metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG