Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton Siriýa meselesinde Orsýetiň pozisiýasyny tankyt etdi


10-njy aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýadaky konflikti kadalaşdyrmak baradaky rezolýusiýalaryny Orsýetiň goldamakdan boýun gaçyrmagy prezident Başar al-Assadyň häkimiýet başynda galmagyna kömek edýär.

Hillari Klinton dünýäniň senagat taýdan ösen “Uly sekizliginiň” daşary işler ministrleriniň Waşingtondaky duşuşygynda Moskwanyň şol rezolýusiýalary goldamagy üçin Birleşen Ştatlaryň ýene-de Orsýeti ynandyrmaga synanyşjakdygyny habar berdi.

Hillari Klintonyň pikirişe, şeýle hereket, pesinden, Siriýada söweşler gidýän sebitlerdäki ilata ynsanperwerlik kömeklerini ýetirmek bilen bagly problemalary çözmäge kömek eder.
XS
SM
MD
LG