Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskiň metrosynda ölenleriň hatyrasyna matam çäreleri geçirildi


11-nji aprelde Belarusda geçen ýyl Minskiň metrosynda bolan partlamada ölenleriň hatyrasyna matam çäreleri geçirildi. Bu partlamada 15 adam ölüp, 300-den gowyrak adam ýaralanypdy.

Şol terror hüjümlerini amala aşyranlykda güman edilýänler partlamadan birnäçe gün soňra tussag edilipdiler. Olar Belarysyň Witebsk şäheriniň ýaşaýjylary Dmitriý Konowalow bilen Wladislaw Kowalýow.

Belarysyň Ýokary sudy 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Konowalowy we Kowalýowy terror hüjümlerini gurnanlykda aýyplady we olary ölüm jezasyna höküm etdi.

2012-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda Dmitriý Konowalowa we Wladislaw Kowalýowa berlen ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG