Sepleriň elýeterliligi

Moskwada asly azerbeýjanly raýatyň damagy çalnyp öldürildi


Asly azerbeýjanly Orsýetiň raýatynyň jesedi Moskwada damagy çalnan ýagdaýda tapyldy. Moskwa şäher polisiýasynyň habaryna görä, 10-njy aprelde Metin Mehtiýewiň rehimsizlik bilen pyçaklanan jesedi Moskwanyň merkezindäki jaýynyň golaýyndan tapylypdyr.

33 ýaşly Mehtiýew ýakyn döwre çenli Moskwadaky Yslam medeni merkezinde işläpdi. Orsýetiň Ýokary Sudy bu merkezi geçen ýyl ýapdy.

Metin Mehtiýewiň öňki kärdeşleriniň şaýatlara salgylanyp aýtmaklaryna görä, 5 adamdan ybarat topar ilki Mehtiýewi ýenjipdirler we soňra onuň damagyny kesipdirler. Olaryň arasynda bir zenan hem bolupdyr.

Mehtiýewiň öňki kärdeşleriniň sözlerine görä, bu adam öldürmede aşa radikal milletçileriň eden jenaýatynyň alamatlary bar.
XS
SM
MD
LG